TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sarp edijileriň hukuklaryny goramagyň hukuk ulgamy

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek we goramak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki zaman şertlerinde ilatyň sarp edilşe bolan islegi gün-günden artýar. Bu islegleri ýokary derejede kanagatlandyrmak bolsa, bazar gatnaşyklarynyň möhüm talabydyr.Şu nukdaýnazardan ilatyň sarp ediş hukugynyň goraglylygynyň hukuk ulgamyny öwrenmek wajypdyr.Taryhy we ylmy çeşmelere görä, sarp edijileriň hukuklaryny goramak baradaky düşünjeler has irki döwürlerde ýüze çykyp başlapdyr. Geçen asyryň 1960-njy ýyllarynda bolsa, sarp edijileriň bütindünýä guramasy (Consumers International (CI)) döredildi. Sarp edijileriň hukuklaryny goramaga gönükdirilen kanun 1962-nji ýylda ABŞ-da güýje girizilipdir. Soňra BMG-niň Baş Assambeýasy tarapyndan 1985-nji ýylyň 9-njy aprelinde sarp edijileriň hukuklaryny goramaga gönükdirilen 39/248 belgili Rezolýusiýa kabul edildi.Türkmenistan döwletimizde sarp edijileriň hukuklaryny goramak ilkibaşda ozal hereket eden Raýat kodeksleriniň kadalary bilen düzgünleşdirildi. Ýurdumyz 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda döwlet garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda “Alyjylaryň hukuklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Bu kanun harytlary (işleri, hyzmatlary) alyjynyň hukugyny goramagyň hukuk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitledi.Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýokary derjede durmuş-ykdysady ösüşler gazanylýar, ilatymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesi ýokarlanýar, halkara gatnaşyklarynyň gerimi giňelýär. Bu ýagdaýlar raýatlaryň sarp ediş bazarynda ýokary derejedäki harytlara, işlere we hyzmatlara bolan isleglerini has-da artdyrýar.

2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda “Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Bu kanunyň kabul edilmegi bilen ozalky hereket eden “Alyjylaryň hukuklaryny goramak hakynda” kanun we oňa girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.         Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji bölümindäki maddalar ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny hem borçlaryny kesgitleýär. Mysal üçin, Konstitusiýanyň 52-nji, 53-nji  we 55-nji maddalary adamyň we raýatyň saglygyny gorap saklamaga, lukmançylyk hyzmatyndan we amatly daşky-gurşawdan peýdalanmaga, bilim almaga bolan hukugyny berkidýär. Konstitusiýanyň 27-nji, 61-nji we 63-nji maddalary bolsa adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň kazyýet goraglylygyny, olara ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny talap etmäge we ýuridiki kömegi almaga bolan hukuklaryny kepillendirýär. Şeýlelikde, bu kadalar ýurdumyzda sarp edijileriň hukuklarynyň konstitusion goraglylygyny üpjün edýär.Türkmenistanyň Raýat kodeksi Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan soň milli raýat kanunçylygynda ýokary hukuk güýje eýedir. Türkmenistanyň Raýat kodeksi ýurdumyzyň bütin çäginde haryt-pul, emläkleýin, emläkleýin däl şahsy, guramaçylyk-emläkleýin we kanunda bellenen gaýry gatnaşyklaryň birmeňzeş düzgünleşdirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen pudaklaýyn, kodifisirlenen kadalaşdyryjy hukuk namasydyr. Kodeks raýat hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň esaslaryny, raýat hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan şahslaryň hukuk ýagdaýyny, ýetirilen zyýan we olary goramagyň usullaryny, raýat-hukuk şertnamalaryny, mysal üçin satyn almak-satmak we sarp ediş çygryndaky beýleki şertnamalary hem-de düzgüleşdirilmegine degişli edilen beýleki hukuk gatnaşyklary kadalaşdyrýar. Şeýlelikde, Türkmenstanyň Raýat kodeksi sarp edijileriň hukuklaryny goramak çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde hukuk binýady bolup durýar.Türkmenistanda sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy baradaky kanunçylyk diýlen düşünje agzalan kanun bilen çäklenmeýär. Bu düşünje Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi, Türkmenistanyň Raýat kodeksi we Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi, “Azyk howpsuzlygy hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda”, “Himiýa howpsuzlygy hakynda”, “Standartlaşdyrmak hakynda”, “Ätiýaçlandyryş hakynda”, “Sertifikatlaşdyrmak hakynda”, “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hilini üpjün edilmegi hakynda” Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kanunlar, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda sarp edijileriň hukuklaryny goramagy düzgünleşdirmäge degişli Permanlary hem Kararlary, Ministrler Kabinetiniň, ygtyýarly pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň şeýle häsiýetdäki kararlary bilen kadalaşdyrylýar.Şeýlelikde, sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy sarp ediji bilen öndürijiniň, ýerine ýetirijiniň we satyjynyň arasynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen, sarp edijileriň takyk hukuklaryny, olary goramagyň tertibini, sarp edijileriň hukuklarynyň bozulmagy üçin jogapkärçiligi belleýän döwlet we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler bolup durýar.Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň  netijesinde ýurdumyzda her bir adamyň şahsy, durmuş harajatlaryny ýokary hilli harytlar, işler we hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanyp bilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Çary Rahmanow

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

Hukuk fakultetiniň IV ýyl talyby

18-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle