TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy ähmiýet berilýän ugurlaryň biri-de sanly ykdysadyýete geçmeklikdir. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar, ýagny ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleler döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Amala aşyrylýan işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda, döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ygtybarly kadalaşdyryş-hukuk binýady döredildi.

 «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň netijeli hereket etmegine gönükdirilendir. Konsepsiýanyň wezipelerinde, döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamlarynda uly maglumat binýadyndan peýdalanyp, netijeli çözgütleriň kabul edilmegine oňyn täsir edýän elektron hökümet ulgamyny kämilleşdirmek we sanly hökümet ulgamyny ornaşdyrmagy ýaýbaňlandyrmak ugurlarynda, býujet ulgamynda sanly tehnologiýalaryň paýyny artdyrmakdan ybarat bolup durýar.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, adamlara edilýän jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň özgerdilmeginde tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň peselmegini üpjün etmek bilen, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.

Umuman aýdylanda, sanly ykdysadyýet — munuň özi, innowasion tehnologiýalaryň esasynda gurnalan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolup, şol bir wagtyň özünde harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykaryp, ykdysady netijeliligiň we ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Sanly giňişligiň aýratynlygy bolup, harytlary bazarlara dessin çykarmak we sarp edijiler üçin ähli amatlyklary döretmek mümkinçilikleriň artmagy çykyş edýär. Beýle diýilmegi, onlaýn düzgüninde hödürlenýän harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulanyjylaryň ählisi üçin elýeterliligi bilen häsiýetlendirilýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet harytlaryň we pul serişdeleriň dolanyşygynyň täze tizligi, harytlaryň hem-de hyzmatlaryň ýokary hili we olara laýyk gelýän sarp edijiler üçin döredilýän amatlylygyň derejesi bilen adaty ykdysadyýetden tapawutlanýar.

Sanly ykdysadyýete düýpgöter geçmek üçin intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, şeýle hem degişli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ýaly meseleler möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Mundan başga-da, bu işi amala aşyrmak üçin ykdysadyýetiň döwlet hem-de hususy sektorlarynyň wekillerini, ýuridiki we fiziki taraplary, IT hünärmenlerini, jemgyýetiň beýleki agzalaryny degişlilikde çekmek zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň bilen birlikde, sanly ykdysadyýet çygrynda maglumatyň we innowasion tehnologiýalaryň goragynyň üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenýär.

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde sanly ulgamyň hyzmaty uludyr. Bu babatda alnyp barylýan işler bellärliklidir. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek möhüm ähmiýete eýedir. Üç tapgyrda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän Konsepsiýa milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda, sanly ulgamy giňden utgaşdyrmakda, elektron senagatyny we innowasion önümçiligi ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Sanly ykdysadyýete geçmegiň birnäçe artykmaçlyklary bardyr. Olaryň esasylary zähmet öndürijiliginiň artmagy, kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy, edaralaryň çykdajylarynyň azalmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi bolup durýar.

Amanmyrat Ataýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ uly mugallymy.

 

 

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle