SIZDEN GELENLER

Sanly ykdysadyýet ösüşleriň kepili

Ykdysadyýet adamyň gündelik durmuşynyň bir bölegidir. Her bir adam gündelik durmuşda ykdysady meseleler bilen meşgullanmak bilen bir hatarda, ykdysadyýetçiler tarapyndan ulanylýan adalgalary peýdalanýar hem-de ykdysady ulgama degişli bolan maddy gymmatlyklary döredýär we sarp edýär. Maddy nygmatlary öndürmek, paýlamak, alyş-çalyş etmek boýunça adamlaryň arasynda emele gelýän gatnaşyklar ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyny düzýär.

Hormatly Prezidentimiz durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwletiň wezipesini şeýle beýan edýär:

— döwlet raýatlaryň mynasyp we howpsuz ýaşaýşynyň kepili bolup durýar;

— döwlet durnuklylygy we ähli ýagdaýlaryň hukuga laýyklygyny üpjün etmek maksady bilen, bazar ykdysadyýetiniň dolandyrylyşyny öz eline alýar, olar öz nobatynda durmuş ýokary okuwlaryna täsir edýärler.

Bu gün adamzat jemgyýeti özüniň ösüşiniň täze döwrüne sanly ykdysadyýete geçmek basgançagyna gadam goýdy. Sanly ulgama geçilýän döwürde kompýuter tehnikasynyň we telearagatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen ykdysady pudaga degişli maglumatlary ýygnamak, seljermek, ulanmak we ýaýratmak has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Maglumatlary awtomatik şekilde ýygnamak, bir ýerden başga bir ýere geçirmek, seljermek hem-de saklamak ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçiligiň ösmegine mümkinçilik berýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täsiri netijesinde täze-täze ykdysady gyzyklanmalar döreýär.

Sanly ykdysadyýet adamyň, ilatyň ýaşamagy üçin zerur bolan harytlary we hyzmatlary öndürýän toplum ýa-da ulgam bolup çykyş edýän haýsy-da bolsa bir kiberfiziki ulgamdyr. Başgaça aýdanyňda, sanly ykdysadyýet maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary tarapyndan üpjün edilýän ykdysady işjeňligiň, söwda amallarynyň we hünär aragatnaşyklarynyň bütindünýä ulgamydyr. Gysgaça ol sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýet diýlip hem düşündirilýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek Gahryman Arkadagymyz 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 –– 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.

«Innowasiýa» adalgasy «innovate» diýen iňlis sözünden gelip çykýar, ol «düýpli üýtgetmek, täzelemek, düýpgöter döwrebaplaşdyrmak» diýen manyny berýär. Şeýlelikde, innowasion işläp taýýarlamalaryň düýp manysy garalýan ugurda düýpli täzeçillikleri ornaşdyrmagy ýa-da düýpgöter täzelemegi aňladýar.

Käbir ylmy maglumatlara görä «Innowasiýa» adalgasy XIX asyrda döräp, ol ilki medeniýetdäki üýtgeşmeler üçin ulanylypdyr. Ykdysadyýet ylmyna «Innowasiýa» adalgasy XX asyrda giripdir. Innowasion ykdysadyýetiň nazaryýeti bolsa Ýozef Şumpeter tarapyndan XX asyryň başyna esaslandyrylýar. Ýozef Şumpeteriň 1911-nji ýylda neşir edilen «Ykdysady ösüşiň nazaryýeti» atly kitabynda innowasiýanyň täze önümi öndürmek; önümçilige täze usuly girizmek; täze bazary döretmek; çig malyň ýa-da ýarym fabrikatlaryň täze çeşmelerini özleşdirmek; önümçiligi dolandyrmagyň gurluşyny täzeden guramak ýaly ýüze çykmalar barada maglumat berilýär.

Innowasion ykdysadyýet innowasiýalaryň köplügine, yzygiderli tehnologik kämillige, önümçilikde we eksportda ösen tehnologiýalara esaslanýar. Oňa başgaça intellektual ykdysadyýet hem diýilýär. Ykdysadyýetiň bu görnüşinde girdeji alymlaryň akyl-paýhasy arkaly gazanylýar.

Türkmenistanda amala aşyrylýan innowasiýalar syýasatynyň kuwwatly kadalaşdyryjy hukuk binýadyny üpjün etmek, bu ugurda ynamly üstünlik gazanmagyň ilkinji hem binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde görkezilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekildi. Kanun ýurdumyzda innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de, olaryň häzirkizaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň we netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmak üçin ýurdumyzda yzygiderli döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen ylym-bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ylym-bilim ojaklarynda daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýän, döwrüň ösen tehniki mümkinçiliklerinden baş çykarýan, täzeçe, döredijilikli pikirlenmegi başarýan hünärmenler ýetişdirilýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyş döwri milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde  ykdysadyýetimiziň ylmy esasda ösdürilmegi babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmegine, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän düýpli ylmy-amaly barlaglar ýerine ýetirilýär, täze innowasion tehnologiýalar döredilýär.

Bu gün bütindünýä internet torunyň döredýän mümkinçilikleri iş bilen meşgullygyň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyny hem şertlendirdi. Ýagny, internetiň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň netijesinde iş ornuny üýtgetmän, bu bütin dünýä toruň üsti bilen uzak aralykda, şol bir wagtda ýurduň çäginden daşarda zähmet işjeňligini amala aşyrýanlaryň sany barha artýar. Şeýle-de, ol şu gün hemmämiz üçin elýeterli bolan elektron tölegleriň döredýän amatlyklaryndan peýdalanmaga, elektron söwda we internet-mahabatlandyrma ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Önümçilige garanyňda hut sanly hyzmatlaryň paýynyň köp bolmagy maglumat ykdysadyýetini häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, maglumat tehnologiýalary esasy orun eýelemek bilen, onuň adamlara hyzmat edilişiň mehanizmini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Internetiň ýüze çykmagy we bu global tora elýeterliligiň bahasynyň peselmegi dünýäde hakyky maglumat öwrülişiginiň bolup geçendigini, onuň netijesinde durmuşymyzyň, şol sanda ykdysadyýetimiziň özgerýändigini görkezýär. Şunda maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň netijesinde sarp edijileriň gymmatly wagtlarynyň we serişdeleriniň tygşytlanmagyna, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegine, kagyz göterijide ulanylýan maglumatlaryň sanynyň azalmagyna hem sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary hökmünde baha bermek bolar.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýan elektron söwda ulgamynyň ösmegi munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Onuň ýaýrawynyň artmagy iş üpjünçilik ulgamynda hem özgertmeleriň amala aşyrylmagyna getirdi. Häzirki zaman söwdanyň bir görnüşi hökmünde elektron söwdanyň oňyn täsiri diňe bir işewürligiň ösmeginde däl, eýsem ilatyň ýaşaýyş ýagdaýynyň ýokarlanmagynda hem öz beýanyny tapýar. Has takygy, elektron işewürligiň ösmegi sanly tehnologiýalar arkaly halkara söwda giňişligine goşulyşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Onuň netijesinde durmuş taýdan öňegidişlik gazanylýar.

 

Amangeldi Hojamberdiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

Koreýa Respublikasy: Abraýly ýokary okuw mekdepleri 2022

Ýene-de okaň

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti