TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sanly ykdysadyýet – ösüşiň täze ugry

Ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» aýdyň beýan edilýän çäreler ýurdumyzyň ykdysady ulgamynda döwrebap özgerişleri amala aşyrmaklyga giň mümkinçilik döreder. Maksatnamada öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna, innowasion häsiýetli täze ykdysady gatnaşyklaryň emele getirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ösen ykdysadyýet kemala getirilýär. Tapgyrlaýyn esasda durmuşa ornaşdyrylýan sanly ykdysadyýet hakyndaky konsepsiýa ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň depginli ösüşini täze belent sepgitlere çykarmaga mümkinçilik berýär.

Sanly ykdysadyýet bilen bagly meseleler dünýä ýüzünde köpleri gyzyklandyrýan meseleleriň birine öwrüldi. Munuň esasy sebäbi ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriň diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmekde däl, eýsem, ynsan durmuşynyň hem özgermegine getirýändigi we dünýä jemgyýetçiliginiň sanly tehnologiýalara köpçülikleýin geçilmegi bilen düşündirilýär.

Bu ýagdaý sanly, köplenç halatda bolsa, elektron ykdysadyýet diýlip atlandyrylýan ykdysadyýetiň düýp mazmunynyň iki sany aýratynlykdan ybarat bolup durýandygy barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär: birinjiden, ýurduň hakyky hojalyk ulgamyndan tapawutlylykda oňa wirtuallyk mahsusdyr, ýagny ol internet giňişlikden daşary hereket edip bilmeýär.

Bu häsiýetli aýratynlyk ondan peýdalanyjylar üçin birnäçe oňaýlyklary döredýändigi bilen özüneçekijidir. Ýagny, ol maglumaty alyş-çalyş etmegiň, şertnama baglanyşmagyň we özara hasaplaşyklary geçirmegiň tizligini artdyrýar, wagty tygşytlaýar, subýektleriň arasyndaky gatnaşyklary ýönekeýleşdirýär. Ikinjiden, sanly ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýalara we telekommunikasiýa hyzmatlaryna bolan garaşlylygy örän ýokarydyr.

Şundan görnüşi ýaly, kämil hünärmenleri ýetişdirmek, sanly ykdysadyýeti sazlaşykly, döwrebap ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugry hökmünde hünärmenleriň başarnygy, kämilligi nazara alynýar. Şunda kämil hünärmenleri ýetişdirmek, zehinli ýaşlara giň mümkinçilikleri döretmek esasy ugur bolup durýar. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde ylym-bilimiň ösdürilmegi, ilki bilen, kämil hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipelere laýyklykda amala aşyrylýan işler, gazanylýan üstünlikler täze başlangyçlara ýol açýar. Innowasion ykdysadyýet innowasiýalaryň köpdürlüligine, yzygiderli tehnologik kämillige, önümçilikde we eksportda ösen tehnologiýalara esaslanýar. Oňa başgaça «intellektual ykdysadyýet» hem diýilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan innowasiýalar syýasatynyň kuwwatly kadalaşdyryjy hukuk binýadyny üpjün etmek bu ugurda ynamly üstünlik gazanmagyň ilkinji hem binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde görkezilýär.

Gurbandurdy Berdiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/gutardys-synaglary-jemgyyeti-owrenis-dersinden-soragnamalar/

Ýene-de okaň

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Ýaşlar – eziz Watanymyzyň geljeginiň gurujylarydyr

Teswirle