TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sanly Ykdysadyýet: Durmuş-Ykdysady Ähmiýeti

Dünýä tejribesinden hem belli bolşy ýaly Iş bilen üpjünçilik – önümçilik – sarp ediş üçburçlygynda uly täsirni ýetirýän Sanly ykdysadyýet indi ähli döwletlerde diýen ýaly hemme önümçilik pudaklaryny öz içine alýar. Ylaýta-da aragatnaşyk we senagat pudagy bu ulgamyň esasy hereketlendiriji güýjidir.

Bilermenlere görä “Sanly ykdysadyýet döwrümiziň dördünji ykdysady öwrülişigidir” diýmegine görä eýsem Sanly ykdysadyýet ulgamynyň milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagynyň nähili ähmiýeti bolar?

Şu nukdaýnazardan uly öňegidişlikleri gazandyrjak sanly ykdysadyýetiň Milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagynyň durmuş-ykdysady jähtden ähmiýetini aşakdaky böleklerde beýan etmek has ýerliklidir:

  1. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrar. Sanly ykdysadyýet ulgamy gysgaça aýdylanda, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil we mukdar taýdan ösdürer. Işleýän ilatyň pudaklar boýunça bölünişini, olaryň zähmete we öndürijilige bolan gatnaşygyny, ilatyň ýöriteleşdirilen iş boýunça üpjünçiligini amala aşyrar. Jemi içerki önümiň öndürilişiniň artmagy jan başyna düşýän Milli girdejini artdyrar.
  2. Iş we iş ýeri bilen üpjünçilik hil taýdan öser. Täze we döwrebap önümçilik-hyzmat desgalarynyň döredilmegi bir tarapdan ilatymyzyň iş bilen üpjünçiligine oňaýly şert döredýän bolsa beýleki tarapdan täze, döwrebap hünärleriň hem-de hünärmenleriň döremegine itergi berer. Bu kemala gelen bilim – hünär – tejribe ulgamyndaky döwrebap düşünjeli ýaş hünärmenler önümçilik serişdeleridir tebigy baýlyklarymyzy has netijeli ulanyp önümçilikdäki ýitgi möçberleriniň azalmagyny amala aşyrarlar.
  3. Serişdeler tygşytlanar we ýitgisiz ulanylar . Çäkli hem-de gyzyldan gymmatly bolan tebigy baýlyklarymyzy, önümçilik serişdelerini aýawly saklamak, rejeli hem-de netijeli sarp etmeklik kämil tehnikalardyr döwrebap tehnologiýalara bagly bolup durýar. Şu sebäpden önümçilik serişdeleriniň tehnikadaky we tehnologiýadaky ösüşleriň hasabyna ýitgisiz hem-de has netijeli (intensiw) ulanylmagy harytlyk önümleriň ýa-da hyzmatlaryň öndüriliş mukdaryna, hiline hem-de özüne düşýän gymmatyna göni derejede täsir eder.
  4. Wagt netijeli we öndürijilikli sarp ediler. Häzirki döwürde ylmy-tehnologiki ilerlemäniň hasabyna döwrebap kämil tehnikalardyr innowasion tehnologiýalardaky irginsiz ösüşler gyzyldan gymmatly wagtymyzy tygşytlamaga we ondan netijeli peýdalanmaga,  öňler öndürilmegi üçin birnäçe sagat zerur bolan önümi indi birnäçe minudyň dowamynda öndürmäge giň mümkinçilikli şertler döredýär. Bu şertler hyrydarlyk-hödürleme häsiýetindäki taraplary hem gurşap almak bilen isleg-teklip gatnaşyklarynyň talabalaýyk kanagatlandyrmak üçin wagt has gymmatly gordur.
  5. Önümçilikde milli marka we tejribe gazanylar. Sanly ulgam işiniň kämilleşmegi milli synag-önümçilik merkezleriniň hem-de ösen maglumatlar binýadynyň döremegine getirer. Ýurdumyzda öndürilen harytlardyr hyzmatlaryň dünýä, halkara we döwlet derejesindäki ülňülerine (standartlaryna) laýyklyk derejesini almaga ýokary hil derejesini ykrar edýän haryt nyşanlarynyň milli ykdysadyýetimize gazandyrylmagy ýokary ösüşimiziň kepili bolup hyzmat eder. Dünýä tejribesiniň milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy ýurdumyzda öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň halkara bäsleşiklere ukyplylygynyň ýokarlanmagyna “Made in Turkmenistan” ýagny “Türkmenistanda öndürilen” at bilen harytlyk önümlerimize dünýäniň birnäçe döwletleriniň hyrydarlyk bildirmeginiň we biziň bilen söwda-hyzmatdaşlyk saklamak meýiliniň döremegine getirer. Munuň netijesinde naýbaşy we milli markalarymyz (brendimiz) dörär, dünýä döwletleri tarapyndan ykrar ediler we milli maýa goýumlarymyzyň (kapitalyň) möçberiniň has hem artmagyna getirer.
  6. Döwlete dahylsyz bölekde ykdysady ösüş gazanylar. Ýokary makroykdysady syýasatyň netijesinde döwletde hususy eýeçiligiň ösmegi telekeçiligiň esasy ýörelgeleri bolan töwekgelçilik, çakganlyk, täzelikçilik ýaly häsiýetlerini giňden ulanmaga giň mümkinçilik döreder. Bu bolsa öz gezeginde pudaklardaky ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmakda bäsleşikli şertleri ýüze çykarar. Raýatlarymyzyň telekeçilikli başlangyçlary esasynda öz maksatlaryny amala aşyrmak üçin hususy süýşürintgilerini maýa goýum hökmünde ykdysadyýete goýmagy diňe bir döwlet eýeçiligindäki däl, eýsem döwlet eýeçiligine dahylsyz bölekde-de maýa goýum möçberlerini has hem artdyrmaga itergi berer.
  7. Milli eksportymyzyň mümkinçilikleri artar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň hem-de hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň (assortimentlerini) ýurdumyzyň içinde öndürilmegi ýola goýlar. Bu bolsa belli bir derejede importdan gelýän önümdir hyzmatlaryň mukdaryny ep-esli derejede azaldyp, milli önümlerimize dünýä döwletleriniň hyrydarlyk bildirmegi gazanylar. Dünýä döwletleriniň ýurdumyzyň öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk saklamak meýiliniň döremegi eksport maksatly maýa goýumlarynyň (esasy kapitalyň) mukdarynyň has hem artmagyna getirer.
  8. Bazar we bäsdeşlik şertleri kämilleşer. Bazarlarda haryt teklipleriniň täze görnüşleri kemala gelip haryt dolanyşygynyň möçberleri yzygiderli artar hem-de hyrydarlyk-hödürleme esaslaryndaky erkin bazar nusgasy gazanylar. Ak bazarlarymyzda bäsleşikli şertleriň döredilmegi netijesinde dünýä belli ösen ýurtlaryň enjamlarydyr (tehnikalary) tilsimatlary (tehnologiýalary) hem-de halkara tejribeleri ösýän hem-de özgerýän ykdysadyýetimize ornaşdyrylyp, ýokary hildäki we ekologiýa howpsuzlygy kadalaryna laýyk gelýän önümlerdir hyzmatlaryň öndürilmegine itergi berer.
  9. Sanly maglumatlar binýady kemala geler. Sanly ulgam boýunça gazanylan kämil we takyk statistiki maglumatlar binýady, milli ykdysady ösüşimiziň özeninde durýan saglyk, bilim, azyk we durmuş üpjünçiligi, býujet-salgyt, maýa goýum we sebitleri ösdürmek baradaky syýasy-ykdysady maksatnamalary we strategiýalary, ägirt uly işleri we has iri taslamalary üstünlikli amala aşyrmaga öran möhüm şert döreder.
  10. Ösüş Maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň gözegçiligi gazanylar. Ösüşimiziň özenindäki saglyk, bilim, azyk durmuş üpjünçiligi, býujet-salgyt, maýa goýum we sebitleri ösdürmek baradaky syýasy we durmuş- ykdysady ugurlar boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek mümkinçiligi gazanylar.
  11. Gelejegi meýilnamalaşdyrmak we çaklamak hil taýdan öser. Ykdysady taýdan bähbitli strategiýalary, ägirt uly işleri we iri taslamalary işläp taýýarlamaga hem-de üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilikli şertleri döreder;
  12. Sanly maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamy dörär. Sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy býujet serişdelerine takyk gözegçiligi, netijeli dolandyryşy, awtomatlaşdyrmagyň hasabyna maliýe-ykdysady ulgamyň işiniň tizligini, maglumatlaryň netijeliligini, dürslügini, takyklygyny we ýokary hilini üpjün eder;
  13. Sanly bank ulgamynyň döwrebap görnüşleri dörär. Bank hyzmatlarynyň ýokary hilde täze döwrebap görnüşlerini “Internetbanking”, “Mobile-banking hödürlemäge, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmäge, hyzmatlaryň harajatlaryny we wagtyny tygşytlamaga maýa goýum serişdeleriniň üpjünçiligini, işewürlik hyzmatdaşlyklaryny işjeňleşdirmäge ýardam berer;
  14. Sanly innowasion senagatyň döwrebap ulgamy kemala geler. Innowasion tehnologiýalaryň senagat ulgamyna ornaşdyrylmagy uglewodorod serişdeleri, magdanlary gözlemegi, gazyp almagy we gaýtadan işlemegi, zähmet öndürijiligini we önümçiligiň howpsuzlygyny, dolandyryş netijeliligini, hasabatlylygyň takyklygyny kämilleşdirer we  senagat ulgamyndaky ýitgileriň azalmagyna itergi berer.
  15. Sanly logistikanyň bitewileşen ulgamy kemala geler. Aragatnaşyk we senagat pudagy sanly ykdysady ulgamy herekete getiriji güýçdir. Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy hyzmatlaryň ulag görnüşleriniň hereketiniň hakyky wagt birliginde awtomatlaşdyrylan tertipde dolandyrylmagyna, ulgamdaky dörän näsazlyklary tiz ýüze çykarmaga we netijeli çözgütleri kabul etmäge, işiň görnüşlerini we üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberleri artdyrmaga uly şert döreder.
  16. Sanly söwda hyzmatlary giňden ornaşdyrylar. Sanly hyzmatlar ulgamy kämil maglumat geçiriş, elektron söwda we elektron resminama dolanyşygynyň we önümçiliginiň ýokarlandyrylmagyna, sanly intellektual tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagyna, söwda kärhanalarynda iş ugruny awtomatlaşdyrmaga, önümleriň we hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga, ýurduň jemi içerki önümindäki paýyny artdyrmaga ýardam berer.
  17. Sanly gurluşyk we ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy kemala geler. Bazar gatnaşyklarynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylýan döwüründe bu pudagyň sanly ulgamdaky özgerdişi gozgalmaýan emläge degişli binalary we desgalary taslamagyň, gurmagyň we ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ilatly ýerleri meýilnamalaşdyrmagyň, ýaşaýyş jaý gaznasynyň we bu ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdiriler.
  18. Sanly elektroenergetika pudagynyň täze mümkinçilikleri dörär. Bu pudakda esasan hem, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçiligi, ygtybarlylygy we netijeliligi gazanylar, energiýa serişdeleriniň maglumatlary uzak aralyklarda ýerleşýän enjamlarda elektron görnüşde toplanyp seljeriler, ýitgileri we harajatlary azaltmak, energiýanyň alternatiw çeşmelerini peýdalanmak boýunça mümkinçilikler giňeldiler.
  19. Sanly oba hojalygynyň täzeçe ulgamy kemala geler. Sanly intellektual tehnologiýalaryň we öňdebaryjy tejribeleriň oba hojalygynda giňden ornaşdyrylmagy zähmet öndürijiligini, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmaga, ýitgileri we harajatlary peseltmäge, pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga we durnukly ösüşini üpjün etmäge, ekerançylykda döredijilikli çemeleşmeler meýdan işlerini has netijeli meýilleşdirmäge, akylly (smart) tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mallaryň baş sanyna gözegçiligi amala aşyrmaga we sürüleri netijeli dolandyrmaga, ýyladyşhanalaryň özbaşdak dolandyrylmagyny, sanly gurşawda harajatlaryň hasabatyny deňeşdirmäge we seljermesini alyp barmaga şert döreder.
  20. Sanly bilim hem-de ylym döwrebap ösdüriler. Sanly bilim hünäre gönükdirmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, goşmaça bilimleri girizmek arkaly kämilleşdiriler, bu bolsa ýokary taýýarlykly hünärmenleriň üpjünçiligini hem-de olaryň hünäre we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar. Sanly ylmyň ösdürilmegi bolsa innowasion tehnologiýalaryň, döwrebap usullaryň we öňdebaryjy tejribeleriň döremegini şertlendirer we ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegine goşant goşjak iri taslamalaryň, döwrebap senagat önümçilikleri ylmy esaslarda kesgitlemäge ýardam berer.
  21. Sanly saglygy goraýyşyň täzeçe ulgamy kemala geler. Bu ulgamynyň ösdürilmegi lukmançylyk hyzmatlarynyň öz wagtynda geçirilmegini, şahsyýetleşdirilmegini we howpsuzlygyny ugur edinmek bilen, saglygy goraýyş edaralarynyň, lukmanlaryň we näsaglaryň peýdalanmaklaryny göz öňünde tutýan ýokary hilli sanly lukmançylyk hyzmatlarynyň we önümleriniň elýeterliligini üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Bitewi lukmançylyk maglumat-seljeriş ulgamynyň ornaşdyrylmagy elektron bellige alyş, immuno – öňüni alyş, elektron lukmançylyk karty, anyklaýyş, gündüzki bejergi alýan näsaglaryň hereketiniň hasabaty, enelik, ýeňillikli goýberilýän derman serişdeleriniň hasabaty, şeýle hem Internet ulgamynyň üsti bilen raýatlaryň gije-gündiziň dowamynda lukmanyň gözegçiligine ýazylmagy ýaly hyzmatlary döwrebap ýola goýmaga şert döreder.
  22. Sanly medeniýet we syýahatçylyk ulgamy döwrebap ösdüriler. Medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy medeniýet we syýahatçylyk edaralarynyň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, beýleki medeni ojaklaryň ýörite maksatly işini döwrebap guramak bilen, ýurdumyzda jemgyýetiň elektron maglumat tehnologiýalardan habarly medeniýetini kemala getirmegi, sanly gurşawda halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmegi, ýurdumyzyň elektron kitaphana ulgamynyň elektron kitap goruny artdyrmagy, Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren kitaplarynyň elektron görnüşlerini dünýä ýaýmak boýunça çäreler amala aşyrmagy, ýurdumyza gelmäge isleg bildirýän daşary ýurtly syýahatçylaryň ýüz tutmalaryny elektron ulgamy arkaly amala aşyrmak işini has-da kämilleşdirmegi maksat edinýär.

Gysgaça aýdylanda Sanly ykdysady ulgamyň Milli ykdysadyýetimizi ornaşdyrylmagy innowasion ösüş we öňdebaryjy tehnologiýa arkaly önümçilik harajatlaryny, sarp edilýän wagty  ep-esli azaltmagyň hasabyna serişdeleriň tygşytly we daşky gurşawa zyýansyz ulanmaga, ylmyň köp talap edilýän pudaklarynda iş bilen üpjünçiligi hil taýdan ýokarlandyrmaga, elektron resminamalar dolanyşygyna we şahsyýetiň elektron identifikasiýasyny kemala getirmäge oňyn täsirini ýetirer.

 

 

Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Garaşsyzlyk we halkara hukugyň dabaralanmasy

Himiýa pudagy oba hojalygy üçin ähmiýetlidir

Garaşsyzlyk — bagtymyz

Teswirle