TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sanly ykdysadyýet – döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, bazar gatnaşyklarynyň ýörelgelerini ösdürmek we halk hojalyk ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça ähli mümkinçilikler döredildi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan şeýle döwrebap kärhanalaryň işiniň takyk we dogry ýola goýulmagy bilen bagly wezipelere hem aýratyn üns berilýär. Bu babatda ykdysady maglumatlar möhüm ähmiýete eýe bolup durýar we olar buhgalterçilik hasaba alnyşynda özüniň beýanyny tapýar.

Ylmy-tehniki ösüşiň döwrebaplaşýan döwründe söwdanyň elektron görnüşi ilat köpçüligine ykdysady taýdan wagty tygşytlama kanunyna esaslanyp, bir wagtda birnäçe amallary ýerine ýetirmäge, şeýle-de maliýe serişdelerini tygşytlamaga şert döredýär. Indi amallaryň elektron görnüşlerine ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň aglabasynda duş gelmek bolýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna we Maksatnamasyna laýyklykda, döwletli başlangyçlar rowaçlanýar. Sanly ykdysadyýetiň görkezijileri her bir ädimde ýakyn ýardamçymyz bolup hyzmat edýär.

Arkadagly Serdarymyzyň ýöredýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryna, beýleki ulgamlaryna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýokary netijeleriň gazanylmagyna itergi berýär. Ösüş-özgerişli döwrümiziň has-da rowaçlanmagynda kämil ulgam bolan sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmagy giň gerime eýe bolýar.

Sanly ykdysadyýet döwrüň talaby bolup, döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy ulgama halk hojalygynyň dürli pudaklarynda we beýleki ugurlarda uly orun berilmegi bilen bagly wajyp wezipeleri öňde goýýar. Täze ulgamyň ylym-bilim işini täzeçe guramakdaky amatlyklarynam ýatlatmalydyrys. Bilim ulgamyna täze ugruň ornaşdyrylmagy biz — talyplara bilim berip, hünär öwretmekde mugallymlarymyz üçin netijeli amatlyklary döretse, bize saýlap-seçen hünärimiziň inçe syrlaryny ele almagymyza bähbitli täsirini ýetirýär.

Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy, ilkinji nobatda, ykdysady işe gatnaşýan taraplaryň — guramalaryň, kärhanalaryň we adamlaryň özara gatnaşygyny çaltlandyrmaga itergi berýär. Şeýle artykmaçlyk çözgütleri kabul etmek bilen wezipeleri durmuşa geçirmegiň arasynda sarp edilýän wagtyň azaldylmagynyň hasabyna gazanylýar. Aslynda hem, sanly ykdysadyýet tizligi, döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Bu esasan hem amallaryň tiz ýerine ýetirilmegini, maliýe işleriniň çalt amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Muňa aragatnaşyk ulgamy hem, söwda ulgamy hem berk baglanyşykly bolup durýar. Bularyň hemmesi sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanýar. Bu ykdysadyýetde sanly tehnologiýalaryň ulanylyşynyň aýratyn ähmiýetini görkezýär. Bu günki gün halkara maliýe gatnaşyklarynda sanly tehnologiýalaryň ulanylýan görnüşleriniň we olaryň geriminiň çägi has giňdir.

Döwlet Abdyresulow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

Teswirle