TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sanly ykdysadyýet – çäksiz mümkinçilikler

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda, söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki ulgamlaryň işlerini innowasion esasda alyp barmakda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şolar bilen birlikde, ykdysadyýeti dolandyrmagyň hukuk binýady hem kämilleşdirilýär.

Häzirki zaman şertlerinde sanly ykdysadyýet jemgyýetçilik durmuşynyň, şol sanda telekeçiligi ösdürmegiň esasy şerti hasaplanylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna ýardam edýär, amatly, döwrebap harytlary gysga wagtyň içinde satyn almak we satmak mümkinçiligini giňeldýär, wagty tygşytlaýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi telekeçiler üçinem, sarp edijiler üçinem bähbitli bolup, olaryň öňünde täze mümkinçiliklere ýol açýar.

Ýurdumyzda özgertmeler ýaýbaňlandyrylýan häzirki zaman şertlerinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugurda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler hem az däldir. Diýarymyzda sanly ykdysadyýet, sanly bilim bilen bagly kabul edilen resminamalar we maksatnamalar esasynda amala aşyrylýan özgerişler munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmekde maliýe ulgamy, sanly bilim, elektron söwda, bank hyzmatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çygrynda ajaýyp işler durmuşa geçirildi. Raýatlara döwrebap hyzmatlary hödürlemek we bellige almagyň elektron ulgamyny döretmek arkaly edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöretmek işiniň bir bitewi maglumat-telekommunikasiýa toruna birikdirilmegi, elektron maglumatlaryň binýadynyň döredilmegi boýunça «bir penjire» programma üpjünçiligi ulanyşa girizildi.

Halk hojalygynyň senagat, ylym-bilim, ulag, medeniýet, saglygy goraýyş, umuman, ähli pudaklaryny bu günki günde sanly ulgamsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Oba hojalyk pudagyna hem sanly ulgam barha giňden aralaşýar. Döwrebap ýyladyşhanalardaky howa çalşygy, ösümlikleri suwarmak, iýmitlendirmek sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda ölçeg işlerini geçirmek, meýdanlary takyk tekizlemek işlerinde kompýuter tehnikalary ulanylýar.

Bilşiňiz ýaly, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ol milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda, döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna, ösdürilmegine ygtybarly kadalaşdyryş-hukuk binýady boldy.

Degişli hukuk namasyna laýyklykda, iňňän möhüm ähmiýetli, jogapkärçilikli wezipeleriň birnäçesi durmuşa geçirildi. Olaryň hatarynda ähli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamynyň we internet web-saýtlaryň döredilendigini hem-de yzygiderli kämilleşdirilýändigini aýratyn nygtamalydyrys.

Şeýlelikde, döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň dolandyryşyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga ýardam etmek bilen, özüniň has amatlylygyny we netijeliligini gysga wagtyň dowamynda aýdyň görkezjekdigi hemmämize mälimdir.

Umuman, sanly ykdysadyýete geçmegimiz ýurdumyzyň dünýäde ösýän döwletleriň hatarynda öz mynasyp ornuny tapmagyny, halkymyzyň durmuş derejesiniň hasam ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan howpsuz, ygtybarly ösüşimizi üpjün eder. Hut şonuň üçin-de, bu düýpli özgertmeler bilen baglanyşykly, tutuş dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda-da täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş nusgalary peýda bolýar.

Orazniýaz Kerimow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle