TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Sanly ulgamda üstünlik gazan

Häzirki wagtda tehnologiýanyň we ylmyň ösüşi gün saýyn däl-de, sagat saýyn özgerýän döwründe islendik işde, kärde üstünliklere eýe bolmak üçin dünýäniň ösen tejribesine salgylanmaly. Ýagny ABŞ-nyň “Forbes” maliýe-ykdysady žurnalynyň berýän maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň iň baý adamlarynyň sanawynda “Amazon” elektron söwda saýtynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos, “Microsoft” şereketini esaslandyranlaryň biri Bill Geýts, “Facebook” toruny esaslandyryjysy Mark Sukerberg, “Bloomberg” maglumat agentligini esaslandyryjysy Maýkl Blumberg bolmaklygy elektron ykdysadyýetiň netijelidigini subut edýär. Diňe 2018-nji ýylyň hasaplamalaryna görä, internet söwdadan gazanylan girdejiniň jemi 2,5 trln amerikan dollaryna deňdir. Şu wagtda dünýäniň sanly ykdysadyýetiň her minutynda 156 mln elektron hatlar ugratmak, “WhatsApp” arkaly 20 mln habarlary kabul etmek, 4,1 mln wideo şekillere tomaşa etmek, 3,5 mln gözlegler we soraglar boýunça “Google” portalyna ýüz tutmak, 200 müň amerikan dollar möçberinde “Amazon.com” saýtynda elektron söwda etmek ýaly amallar ýerine ýetirilýär diýip, bilermenler belläp geçýärler. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda hem bu ugurda “Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmegiň”, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Ýakyn ýyllarda Türkmenistan döwletimizde hem sanly we ýaşyl ykdysadyýetiň giň mümkinçiligini doly derejede özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Sanly döwürde nädip üstünlik gazanmaly diýen sorag meger ähli adamlaryň ünsüni özüne çekse gerek.

Ilkinji nobatda özüňe ynamyň bolmaly we etjek işiňi ýüregiňe berk düwmeli. Kompýuter tehnologiýasynyň täze görnüşleriniň çykmagy we olaryň mümkinçilikleriniň çylşyrymlydygyna garamazdan täze bilimleri ele almakdan çetde durmaly däl. Kompýuter sowatlygyny bilşiňiz göwnüňize pes hem bolsa ondan ýüz öwürmäň. Dünýä meşhur kompoziter Lýudwig wan Bethowen kerligine garamazdan, saz bilen gyzyklanmagy ýa-da iňlis syýasatçysy, şahyr Jon Miltonyň körlügine garamazdan, goşgy ýazmagy islendik bir ýürege düwlen işiň amala aşýandygynyň subutnamasydygyny ýatdan çykarmaň. Internet ýa-da kompýuter tehnologiýa bilen bagly hünärleriň içinden özüňize ýakyny saýlaň. Olara mysal edip, webmaster, kopiraýter, suratçy, marketolog, direktolog, web-dizaýnçy, programmist we beýleki ugurlary bellemek bolar. Internet senagatynda kiçi başlangyçlaryň uly netijeler berýändigini bellemek zerur. Adatça dizaýn bezegleri bilen bezelen gutlaglara, çakylyklara has köp gyzyklanma bildirilýär. Degişli gutlaglary taýýarlamak üçin “photoshop”, GIMP, “Adobe Illustrator” ýaly programmalardan baş çykarmagyňyz hem zerur. Eger-de süýji tagamlary owadan bişirip bilýän bolsaňyz onda internet aşpezleriniň saýtyna bu tagamlaryň suratyny ýerleşdirmegi we onuň bişiriliş usullaryny yzygiderli saýta ýerleşdirmek bilen torda uly girdejileri we at-abraýy gazanyp bolýar.

Biziň üstünlik gazanmakda esasy meseleleriň biri hem az wagtda uly netijeleri eýe bolmakdyr. Il içinde “Sabyrly gul dura bara şat bolar” diýlişi ýaly, islendik bir başlangyçda şol sanda kompýuter tehnologiýalary özleşdirilende ilkinji netijeleri uzak wagtdan soňra gazanylýar. Kompýuter tehnologiýalary üçin programma düzmekde web sahypa taýýarlaýan HTML we PHP dilleri öwrenilmegine dünýäde uly üns berilýär. Sanly bilim ulgamynda dersleri okatmak üçin nusga hökmünde taýýarlanylan PHP dilinde ýazylan “Moodle” ulgamynda häzirki wagtda giň gerime eýe boldy. “Moodle” platformasyny esaslandyryjy awstraliýaly mugallym Martin Dugiamas talyplara we diňleýjilere bilim bermekde uly özgerişligi amala aşyrdy 2019-njy ýylyň hasaplamalaryna görä, dünýäde bu platformadan peýdalanýanlaryň sany 164 milliona ýetdi.

Bedew bady bilen öňe barýan döwletimizde sanly ulgamy üstünlikli ornaşdyrmakda uly işler alynyp barylýar. Ýaşlaryň bilimli bolmagy üçin “www.kitaphana.net”, “book.zehinli.info”, “enedilim.com”, “chagalar-kitaphana. gov.tm” ýaly döredilen saýtlary ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Ýurdumyzyň raýatlarynyň nagt däl görnüşinde tölegleri we söwdalary amala aşyrmak üçin hem birnäçe saýtlar özleriniň hyzmatlaryny hödürleýär. Gadyrly okyjy sen hem öz gezegiňde ýurdumyzy ösdürmekde we täze üstünliklere eýe bolmagyň üçin sanly ulgama mynasyp goşandyňy goş.

Döwran ABDYRASULOW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky

Harby institutynyň uly mugallymy

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle