TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sanly ulgam we döwrebap ösüşler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň batly depginler bilen ösýän ähli pudagynda sanly ulgama, innowasion tehnologiýalara uly orun degişlidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek işleri, tehnologiýalardan peýdalanmak mümkinçilikleri barha giň gerime eýe bolýar.

Türkmenistanyň  Prezidentiniň Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşine badalga berildi. Bu Konsepsiýany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegine gönükdirilen maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna möhüm ugurlar boýunça çäreler işjeň ýaýbaňlandyrylýar.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda, döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmegiň depginini ýokarlandyrmak geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezilýär, döwlet edaralaryny elektron resminama ulgamyna geçirmegi işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Dün­ýä­de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­nyň we san­ly ul­ga­myň ös­ýän za­ma­na­syn­da ýur­du­myz­da hem san­ly ul­ga­my ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry hök­mün­de kes­git­le­nip, bu ba­bat­da oňat ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­na san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak iş­le­ri güýç­li dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar.

San­ly ul­ga­myň yk­dy­sa­dy­ýe­te or­naş­dy­ryl­ma­gy, mag­lu­mat­la­ry top­la­ma­gyň we sel­jer­me­giň tä­ze, döw­re­bap usul­la­ry­nyň hem-de gu­ral­la­ry­nyň dö­re­me­gi mag­lu­mat­la­ryň al­şyl­ma­gy­na, zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär we in­no­wa­sion çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek­de çe­ýe­li­gi üp­jün ed­ýär.

Mälim bolşy ýaly, täze tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy arkaly şäherlerde kämil ýaşaýyş-durmuş düzümleri kemala gelýär. Intellektual birikdirme ulgamlarynyň döredilmegi köp amatlyklary döredip, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, çig mal, tehniki we işgärler serişdelerini netijeli peýdalanmaga, halkymyzyň aň-paýhasyny ösdürmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem şol tehnologiýalar durmuşyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy sazlaşykly baglanyşdyrar.

Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, beýleki ulgamlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda bu kämil ugruň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi, sanly ulgamdan netijeli peýdalanylmagy biz, talyplara bilim berlip, hünär öwredilmegini hil taýdan täze derejelere çykarmaga bähbitli şertleri döredýär. Kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň kömegi bilen bilim bermekde goşmaça hyzmatlaryň ýola goýulmagyna amatly mümkinçilikler peýda bolýar.

Aşyr Aşyrow, 

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji talyby. 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle