Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ugurlarynda beýik ösüşler gazanylýar, täze sepgitlere ýetilýär. Adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Muny biz bagtyýar durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýleki işlerde has aýdyň görýäris. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda möhüm ähmiýetli durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan, belent maksatlaryň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşamak, halal zähmet bilen ýurduň ösüşine goşant goşmak bagtdyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Sebäbi ýaşlar ýurdumyzy ösdürmekde, rowaçlyklara beslemekde uly güýç bolup durýarlar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda bilim binýadynyň barha berkemegi biziň şu günümiz we ertirimiz üçin uly ähmiýete eýedir. Häzirki zamanyň ösen mümkinçiliklerinden, hususan-da, sanly tehnologiýanyň gazananlaryndan netijeli peýdalanmak arkaly türkmeniň milli ýörelgelerinden ruhlanyp, dünýäniň ösen tejribesi milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň alýan bilimleriniň hiliniň ýokary bolmagy üçin ýokary okuw mekdeplerinde hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilimiň derwaýyslygyna üns berýär.
Bu gün dünýäniň ösen maglumat tehnologiýalaryndan, dünýä ylmynyň, şol sanda pedagogikanyň we ösen usulyýet ylmynyň täze gazananlaryndan baş çykaryp bilýän ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, belent adamkärçilikli, ýokary medeniýetli, gözýetimi giň, sagdyn bedenli ýaşlary kemala getirmäge niýetlenip berilýän bilimiň hil derejesi barha ýokarlandyrylýar. Häzirki zamanyň ösen innowasion-tehnologiýalarynyň, şol sanda internet ulgamynyň, sanly bilim portallarynyň gazananlarynyň barha giň gerime eýe bolup, bilim edaralaryna, ýokary okuw mekdeplerine giňden ornaşdyrylmagy netijesinde talyp ýaşlarymyza berilýän bilimiň hil derejesi ýokarlanýar.
Sanly ulgamy durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň bilim ojaklarynda hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplarydyr gollanmalar, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär.
Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, bu ugurda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, şol sanda sanly tehnoligiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri ýetişdirmek maksadyndan ugur alýar. Bu maksatlarda ýurdumyzyň ýokary bilim ojaklarynda okatmagyň täze, sanly usullary giňden ornaşdyrylýar. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi sebäpli bilim bermegiň şertleri hem üýtgeýär. Bilim ulgamynyň her bir basgançagynda sanly bilim tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny ösdürmegiň häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň milli tejribä hem halkara standartlaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Ýazsoltan Orazberdiýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.