TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

«Sanly ulgam» Türkmenistanda ilkinji «Akylly öý» taslamasyny taýýarlady

Ýaş, zehinli hünärmenleriň onlarçasyny özüne birleşdirýän «Sanly ulgam» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda maglumat tehnologiýalarynyň integratory hökmünde tehnologik goldawyň we işewürligi goldamagyň giň gerimli hyzmatlaryny hödürläp, sanly tehnologiýa babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Hünärmenler kompýuter we innowasion tehnologiýalaryň işi, programma üpjünçiliginiň gurluşy bilen baglanyşykly toplumlaýyn hyzmatlary amal etmek bilen, dürli taslamalarda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga işjeň gatnaşýarlar.

Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenilip düzülen «Akylly öý» taslamasy kiçi we orta telekeçiligiň köpugurly işinde möhüm ähmiýetlidir.

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle