Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz özüniň ösüşiniň täze belentliklerine çykýar. Häzirki zaman ösüşlerinde sanly ulgama uly ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak babatda dürli möçberli taslamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikler döredýär.
Häzirki döwür tehnologiýa döwrüdir. Bu döwürde tehnologiýadan yzda galmak mümkin däl. Ähli döwletler sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňeldýärler. Şol babatda sanly ulgam bilim pudagynda hem öz mynasyp ornuny alýar.
Öňdebaryjy tehnologiýalar biziň gündelik durmuşymyza berk ornaşmak bilen, zähmeti guramagyň usullaryny, okamagyň hem-de dynç almagyň görnüşlerini özgerdýär. Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de “nou-haularyň” importyna däl, eýsem, özüniň ylmy-tehnologik we aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary bilen “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň” tassyklanmagy, “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň döredilmegi, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda sanly ylym ulgamynyň ösdürilmegine, maglumat bilim ulgamynyň döredilmegine, ýokary hilli elektron bilim maglumatlarynyň üpjün edilmegine giň mümkinçilikleri açýar.
“Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň” amala aşyrylmagy IT tehnologiýalaryna esaslanan netijeli, durnukly hemde özüni ödeýän sanly ylym ulgamyny döretmäge ýardam berer. Sanly tehnologiýalaryň, nanotehnologiýalaryň, tehnologiýalar merkezleriniň, nou-haularyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy ýaşlarymyzyň bu ugurda has-da kämilleşip ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna, täze döwrebap nesliň kemala gelmegine oňyn täsir edýär.
Ylym-bilim ulgamynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ýaşlaryň kämil bilim almagyna we dünýäniň ýaşlary bilen islendik ugurlarda bäsleşmegine giň mümkinçilikler açýar. Sanly ulgamdan baş çykarýan ýaşlarymyz internet olimpiadalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary gazanmagy dowam edýärler. Munuň özi ýurdumyzda, hususan-da ylym-bilim ugrunda sanly ulgamyň berkden-berk ornaşdyrylmagynyň netijesidir.
Jennet Berdimyradowa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň maglumat ulgamlary
we tehnologiýalary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.