«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýar hem-de milli ykdysadyýetimiz has-da ösdürilýär. Döwrebap ösüşiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki ugurlaryň durmuşa geçirilmegi, ähli ulgamlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagatyň kemala getirilmegi berk binýat bolup durýar.
Häzirki döwürde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky alnyp barylýan uly işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Elektron senagaty ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen, innowasion, ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti döretmek hem-de ösdürmek Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar ulgamynyň hem güýçli depginlerde ösmegi, ilatymyza häzirki zaman ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze hem ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Şonuň üçin bu ugurda ýörite hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny, ylmy işleriň has-da ösdürilýändigini bellemek gerek. Bu bolsa sanly ulgamyň diňe şu gününiň däl-de, eýsem, geljeginiň hem ösüşli bolmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda häzirki wagtda ösen tehnologiýalaryň önümçiligi ýola goýuldy. Munuň özi bu ugruň ösdürilmeginde täze mümkinçilikleri döredýär.
Dünýäniň ösüşine işjeň goşulmagyň, ykdysadyýeti yzygiderli we depginli döwrebaplaşdyrmagyň, Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň, zehinli, ussat hünärmenleri ýetişdirmegiň zerurdygy nazara alnyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi Türkmenistanda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatynda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap derejede kämil bilim almagy, alan bilimlerini yzygiderli ösdürmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Tehnologiýanyň şeýle çalt depginde ösýän, kämilleşýän döwründe bilim almagyň esasy şerti täze tehnologiýalary öz durmuşyňa we işiňe çuňňur ornaşdyrmak bolup durýar. Çünki, häzirki döwürde döwrebap bilimi kompýuter tehnologiýalaryndan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işleri çalt depginde alnyp barylýar hem-de häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrylýar.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ählisinde gyradeň ýokary ösüş derejesi saklanylýar. Mälim bolşy ýaly, ykdysady ösüş bu jemgyýetçilik önüminiň mukdar taýdan köpelmegi we hil taýdan kämilleşmegidir. Bu ösüşleri gazanmakda hem-de yzygiderli berkitmekde baý tebigy gorlara, işjeňligi barha artýan maýa goýum işiniň netijeliligine, çig mal pudagyna degişli bolmadyk ulgamlaryň depginli ösdürilmegine, iri möçberli maýa goýum serişdeleriniň çekilmegine, ýurtda maliýe we durmuş durnuklylygyny saklamaga, şeýle-de milli puluň hümmetiniň durnukly bolmagyny üpjün etmäge aýratyn orun berilýär.
Gazanylýan ynamly ösüşleriň sarsmaz binýadynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan ykdysady syýasat durýar. Şeýle oýlanyşykly işlenilip düzülen syýasatyň netijesinde ýurdumyz önümleriň ýokary hili bilen tapawutlanýan, ykdysadyýeti depginli ösýän döwletleriň hataryna ymykly goşulýar. Ykdysady seljermede ulanylýan iki görkeziji, ýagny, jemi önüm we milli girdeji maddy önümçiligiň we hyzmatlaryň sazlaşygynyň gazanylýandygyny görkezýär.
Ösüşlerimiziň durnuklylygyny saklamakda geçen ýyllarda ykdysady ulgamy düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de maýa goýum işini has-da işjeňleşdirmek, ösüşiň çig mal görnüşinden senagat-innowasiýaly ugruna tapgyrlaýyn geçmekligi üpjün etmek, Türkmenistanyň bütindünýä ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has çuň we ynamly aralaşmagyny gazanmak ýaly wezipeleriň oňyn çözülmegi aýratyn uly täsirini ýetirdi. Bu ykdysady syýasat hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň hem ornaşdyrylmagy ösüşler üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Aryf Gulmadow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň mugallymy.