TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli 15-16-njy fewralda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde maslahat, 24-nji fewralda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, 26-njy aprelde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ylmy-amaly maslahatlary, 15-nji martda bolsa Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda halkara forumy geçirmek meýilleşdirildi.

Olara ýurdumyzyň ýaş alymlary, professor mugallymlary we talyplary bilen bir hatarda, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Germaniýanyň, Wýetnamyň, Singapuryň, Hytaýyň, Hindistanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we başga-da birnäçe döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, ýaş alymlar gatnaşarlar.

Ýene-de okaň

Daşary ýurt dilleri boyunça bäsleşik geçiriler

Ýaşlar forumy: möhüm kararlar kabul edildi, sylaglar gowşuryldy

Amerikada uniwersitet okamak üçin ilkinji ädim :Prep4Success maksatnamasy

Baş Redaktor

Teswirle