Şanly toýa barýar eziz Diýarym

     Döwletimiziň taryhynyň şöhratly sahypalary Garaşsyzlyk döwrüne degişlidir. Çünki ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soň, görlüp-eşidilmedik ösüşleri başdan geçirdi. Garaşsyzlyk mähriban halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň, abadançylygynyň binýadydyr.  Garaşsyzlyk ýurdumyzyň köp ugurlardaky ösüşiniň gözbaşy bolup, dünýä döwletleriniň ünsüni çekip, halkara derejesinde abraýyny artdyrdy we döwletimiziň dünýäniň iň çalt ösýän ýurtlarynyň birine öwrülmeginde ähmiýetli waka boldy.

“Garaşsyzlyk – bu hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmaýan beýik düşünje, biziň döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň berk binýady. Manysy boýunça örän çuňňur bolan bu sözde biziň şöhratly ata-babalarymymyzyň asuda we bagtly durmuş hakynda arzuwlary we islegleri, eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişi, häzirki güni we beýik geljegi öz beýanyny tapdy” diýip, mähriban Arkadagymyz belläp geçýär.

Dogrudanda, garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistanyň ählumumy  parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Eziz Watanymyz köp sanly abraýly halkara guramalarynyň agzasy bolmak bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, bütin dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, halklar arasynda dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar, dürli halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, döwletimiziň daşary syýasatdaky ugry tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan makullanýar. Döwletimiziň örän oýlanyşykly hoşniýetli daşary syýasaty, dünýäniň möhüm sebitleriniň biri bolan Merkezi Aziýada howpsuzlygyň, abadançylygyň, durnuklylygyň berkemegine ýardam edýär.

Okap bilersiňiz  Ýaş Mugallymlarynyň Sazly Konserti

Häzirki wagtda, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygar bilen geçýän bu ýylymyzda eziz Diýarymyz döwlet özygtyýarlygyna eýe bolmagynyň şanly senesiniň –  mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, şeýle hem, ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk toýuna uly şowhun we agzybirlik bilen taýýarlyk görýär. Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda şanly senelere niýetlenip ulanylmaga berilmeli ak mermerli binalaryň gurluşyklary, şeýle-de halkara derejesinde geçiriljek maslahatlara, sergilere, çärelere ýokary guramaçylyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, şanly wakalary giňden wagyz edilýär.

Şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

                                                              Gyzlargül ANNAGURDOWA,

                       Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                 Halkara gatnaşyklary institutynyň

                  Halkara žurnalistikasy fakultitetiniň I ýyl talyby