DÜNÝÄ

Sanly metbugat maslahaty Bişkekde

019-njy ýylyň 17-18-nji iýulynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde ÝHHG-nyň söz azatlygynyň meseleleri boýunça wekili tarapyndan guralan «Sanly transformasiýa şertlerinde KHBS erkinligi we plýuralizm» ady bilen KHBS boýunça 21-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi.

Maslahat bu mesele boýunça pikirleriň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň alyşylmagy üçin Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Mongoliýadan döwlet edaralaryndan, habar beriş serişdelerinden, raýat jemgyýetinden hem-de ylmy toparlardan bolan 100-den gowrak wekilleri özünde jemledi.

Maslahatyň çäreleriniň barşynda KHBS-iň sanly tranformasiýasynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäreler plenar mejlislerinden, toparlaýyn ara alyp maslahatlaşmalardan, şeýle hem sebitde taýýarlanylan hem-de durmuşa geçirilýän derwaýys meseleleriň hem-de takyk media taslamalarynyň mysallarynyň düýpli ara alyp maslahatlaşylmagy üçin ugurdaş çärelerden ybarat boldy. Öz çykyşynyň dowamynda türkmen wekiliýeti maslahata gatnaşyjylary Türkmenistandaky KHBS-iň işi bilen tanyşdyrdy.

Ýene-de okaň

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistan “Al-Arabiýa” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

Türkmenistan-ABŞ: migrasiýa hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Eýranyň Prezidenti Azerbaýjanda saparda bolar

Tramp Italiýa sapar üçin çakylygy kabul etdi

Saud Arabystanynyň täze ilçisi Türkmenistanda wezipesine girişdi