TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Şanly Garaşsyzlygyň batly gadamlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy tutuş halkymyzyň kalbyna egsilmez buýsanç, çäksiz guwanç duýgularyny çaýýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, halkara giňişliginde ýerine ýetirilen işler, gazanylan netijeler sanardan köpdür. Häzirki günlerde ata Watanymyzyň ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda senagatyň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, oba hojalyk, söwda, ulag-logistika, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýarys.

Günsaýyn gözelleşip, ajaýyp keşbe girip, «Aziýanyň merjeni» diýip at alan, ak mermere beslenen gözel paýtagtymyz Aşgabadyň we beýleki şäherlerdir obalarymyzyň durkuny synlanlaryň her biri Garaşsyzlyga eýe bolup galkynan halkymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, bir döwlete gulluk edip, beýik işleri amala aşyrýandygyna aýdyň göz ýetirýär.

Güýz paslynyň ilkinji aýynda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýramy uludan tutulýar.

Paýtagtymyzda we welaýatlarda sanlyja ýyllaryň içinde gurlan ajaýyp binalar, oklaw ýaly göni we giň köçeler, uzyn-uzyn şaýollar, köprüler, görseň gözüňi gamaşdyrýan owadan seýilgähler, çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýşyň kämil tehnologiýalara eýe bolan binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, aňyrsyna göz ýetmeýän ähli amatlyklary bolan jaýlaryň ýüzlerçesini özünde jemleýän obalar, şäherçeler, sebitde deňi-taýy bolmadyk iri zawoddyr fabrikler döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň näderejede ösendigini görkezýär.

Ýaňy-ýakynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Prezident maksatnamasy esasynda geljek ýedi ýylda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orny dörediler. Şeýle hem ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-sy, umumy bilim edaralarynyň 54-si, ýokary hünär bilim edaralarynyň 4-si, 10 sany döwrebap hassahana, 7 sany medeniýet öýi bina ediler. Maksatnamada biziň welaýatymyzda hem ýerli çig malyň binýadynda täze kärhanalary we önümçilikleri döretmegiň hasabyna gaýtadan işleýän senagatyň ösüşini has-da işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz önümçilik desgalaryny gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde durmuş maksatly binalary yzygiderli gurmak meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Munuň özi, ozaly bilen, ýurdumyzda yglan edilen «Döwlet adam üçindir!» diýen şygara esaslanýar. Ajaýyp zamanamyzyň badalga alan gününden bäri birnäçe möhüm desgalaryň gurluşyklaryna badalga berilmegi, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda kottejler toplumynyň açylmagy il bähbidini nazarlaýan döwrebap medeni-durmuş maksatly desgalary gurmakda anyk işleriň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Mekan Kakalyýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

jemgyýeti öwreniş yylmlary kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle