TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

«Sanly çözgüt — 2020» atly bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridiki şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär.

Bäsleşigiň ugurlary:

  • saglygy goraýyş;
  • ylym we bilim;
  • senagat;
  • ulag we kommunikasiýa;
  • hyzmatlar ulgamy;
  • orta we kiçi telekeçilik;
  • «akylly şäher»

Bäsleşige ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridiki şahslar özleriniň taýýar programma üpjünçilikleri we innowasion oýlap tapmalary bilen gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipleri bermegiň ahyrky möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabry.

Bäsleşigi jemleri «Türkmentel — 2020» atly halkara serginiň geçirilýän günleri jemlener.

Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi we talaplar baradaky maglumatlary telecom.tm internet saýtyndan alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 98-12-12, 98-13-13

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle