TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sanly bilimiň üstünlikli menzilleri

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmegiň täze tapgyryny kesgitledi. Bu konsepsiýa döwletimiziň ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna, şol bir wagtyň özünde onuň hil derejesiniň uly depginler bilen artmagyna ýakyndan ýardam berýär.

Ajaýyp zamanada ýurdumyzyň kuwwaty bolan ýaş nesillerimiziň bilimli, ylymly, hünärli, ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri babatda döwlet derejesinde giň gerimli aladalar edilýär, hemme şert-mümkinçilikler döredilýär.

Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda ösüşleriň özeni hasaplanýan ylym-bilim möhüm orny eýeleýär. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda bilim ulgamyny dünýädäki ösen tejribelerden ugur alyp kämilleşdirmäge gönükdirilen tutumly işler barha öňe ilerleýär.

Hä­zir­ki wagt­da bi­lim ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek, ýaş ne­sil­le­re be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we onuň dün­ýä de­re­je­si­ne la­ýyk gel­me­gi­ni ga­zan­mak, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, döw­re­bap okuw ki­tap­la­ry­ny we gol­lan­ma­la­ry­ny ne­şir et­mek, iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, in­no­wa­sion se­riş­de­le­ri ylym-bi­lim ul­ga­my­na or­naş­dyr­mak, bi­lim ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, bu ul­ga­myň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Sanly ulgamyň giň gerimde ösdürilýän döwründe ýurdumyzda iri halkara ders olimpiadalaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. ine, golaýda, 14 — 17-nji noýabr aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça Halkara internet olimpiadasy geçirildi. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen bu bäsleşige daşary döwletleriň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstraliýanyň, Wengriýanyň, Koreýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Belarussiýanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň jemi 66-syndan 230 hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-sinden 94 talyp gatnaşdy.

Bu ders bäsleşiginde türkmen talyplary hem üstünlikli çykyş edip, Arkadagly Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödediler.

Mil­li bi­lim ul­ga­myn­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de san­ly bi­lim ös­dü­ril­ýär, okat­ma­gyň döw­re­bap usul­la­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa ýaş ne­sil­le­riň san­ly ul­ga­ma oňat dü­şün­mek­le­ri­ne, ylym-bi­li­mi tiz öz­leş­dir­mek­le­ri­ne ýar­dam ed­ýär. Bu ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler döw­re­bap­ly­gy bi­len ün­sü­ňi çek­ýär. Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak ug­run­da uly ta­gal­la­la­ry ed­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za tüýs ýü­rek­den sag­bol­sun aýd­ýa­rys. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, be­lent ba­şy­nyň aman bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Meýlis Mämmetmyradow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

Teswirle