BILIM

Sanly bilim-ösüşlere badalga

       Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalarynyň netijesinde ýaş nesiller baradaky alada döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan arassa, häzirki zaman tehnologiýalardan  doly peýdalanmaklygy başaryp bilýän, ata Watanmyza, halkymyza, beýik pederlerimiziň ýol – ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz bu günki gün täze tehnologiýalaryň zamanasynda dünýä ýurtlary bilen deň derejede gadam urýar. Türkmen ýaşlaryny hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýetler hökmünde kemele getirmeklik üçin döwrebap bilim almaklygyň häzirki zaman şertleri döredilýär we şol sanda sanly bilim ulgamyny ösdürmeklik giňişleýin durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen bagly Hormatly Prezidentimiziň tassyklamagy bilen 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Sanly bilim ulgamyny ösdürmeklik esasanam bilim edaralarynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, bilim alýan ýaşlaryň häzirkizaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklygyny talap edýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär we kompýuter sowatlylygyny kämilleşdirmek işleri has ileri tutulýar.

Arkadag Prezidentimiz sanly bilim ulgamyny ösdürmek barada ýaşlara şeýle sargytlar edýär: “Ýaşlarymyz beýik ynama, kompýuterleşdirilen bilimlere daýanyp, batyrgaý öňe gitmelidirler”, “Täze tehnologiýalar we okatmagyň häzirkizaman usullaryny ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de mundan beýläkde ösdürmegiň zerur şertidir”. “Döwletimiziň ylym we tehnika baradaky syýasatynyň özeni we esasy maksady halkymyzyň intellektual derejesini ýokarlandyrmakdan – başarnykly, giň gözýetimli, öz zähmeti bilen ýurdumyzyň şöhratyna şöhrat goşjak, mukaddes Watany, ene topragy jany-teni bilen söýýän nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden, bäsleşige ukyply ylym we bilim ulgamlaryny döretmekden hem-de dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen sazlaşykly ösüşi gazanmakdan ybaratdyr”. “Ylma, döredijilige, zehine üns berýän ýurt elmydama ösüşdedir, özgerişdedir, galkynyşdadyr”. Alym Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp pähimlerinden ugur alyp biz ýaşlara diňe döwrüň talaplary bilen deň-derejede gadam urmalydyrys.

Sanly bilim ulgamyny durmuşa geçirmegiň birinji tapgyryna laýyklykda geçirilmeli çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda hünärmenler, mugallymlar hem-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma şeýle-de sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanylýar. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükleri özünde jemleýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen sanly bilim arkaly hyzmatdaşlyk alyp barmagyna örän oňyn netijelerini berýär. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk alyp barmaga ýakyndan ýardam edýär. Bulardan başgada daşary  ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmekde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçilik işlerini Watanymyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak maksadalaýykdyr. Bilim edaralarynyň ählisinde sanly bilimiň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly dersler boýunça döwrebap elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, okuw-usuly toplumlar, wideo-audio materiallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.

Sanly bilim ulgamyny yzygider ösdürmek boýunça biziň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutymyzda  hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Professor mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Onlaýn arkaly umumy okuwlar, ylmy maslahatlar yzygider guralýar. Talyplar internet otaglardaky internet hyzmatlardan, bilim portallardan yzygider peýdalanyp, gerekli ylmy maglumatlardan giňişleýin ulanyp özleriniň bilim gorlaryny baýlaşdyrýarlar.

Sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek işleri ýurdumyzyň diňe bilim ulgamynda däl, eýsem ähli pudaklaýyn edaralarda giňden durmuşa ornaşdyrylýar.

Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Arkadag Prezidentimiziň jany sag bolsun! Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumlary elmydama rowaç alsyn!

 

 Abdyýew Abdyresul,

Seýitnazar Seýdi adyndaky

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden belleniler

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

ÝB Türkmenbaşy şäherinde energiýany iň köp tygşytlaýan mekdebi sylaglady