TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjymyň bahasy döwletlere görä üýtgär

“Pfizer we Biontech” tarapyndan işlenip düzülen we käbir ýurtlarda “BNT162b2” diýlip atlandyrylýan korona wirus sanjymy, käbir ýurtlaryň arasynda bu sanjymy gysga wagtyň içinde almak üçin özara bäsleşýärler. Sanjymyň bahasyny yglan edilenden soňra, “Pfizer” kompaniýasynyň baş ýolbaşçysy Albert Burla sanjymyň bahasynyň ýurda görä üýtgejekdigi barada habar berdi. “Pfizer Inc” ýurduň jemi içerki önümine görä COVID-19 sanjym dalaşgäri BNT162b2 sanjymyna bahasyna baha bermek kararyna geldi. Amerikanyň derman öndürýän kompaniýasynyň baş direktory Albert Burla, Halkara derman öndürijiler we birleşmeler federasiýasy tarapyndan gurnalan wirtual metbugat maslahaty çykyş etdi.

Albert Burla: “Biz sanjymy çalt hemmeler üçin elýeterli edýäris. Ösen ýurtlardan has ýokary bahany we ösýän ýurtlardan has arzan bahany talap etmek isleýäris. Sanjymy Afrikadaky köp ýurt ýaly ösmedik we garyp ýurtlara girdejisiz bereris. Sanjym ABŞ-da adam başyna ortaça 19.5 dollar bahasy bilen üpjün ediler” diýip belledi.

Şeýle hem waksina ibermek üçin kompaniýanyň dürli hökümetler bilen gepleşik geçirýändigini mälim eden Burla, sanjymlary -70 C gradus derejede saklamak boýunça iş alyp barýandyklaryny we bu ugurda täze formula işlenip düzülýändigini belledi.

Mundan başga-da, ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerini dolandyryş gullugynyň (FDA) maslahat komiteti “Pfizer / Biontech” sanjymyna “gyssagly ulanmaga rugsat bermek” babatda maslahat berendigini mälim edildi. FDA tarapyndan bu sanjymyň ýakyn wagtda tassyklamagyna garaşylýar.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle