Dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy göreşiň güýçlendirilýän döwründe bu ýokanja garşy sanjym etmek işleri güýçlendirilýär. Häzirki wagtda dünýäde sanjym edilenleriň sany 4 milliarddan geçdi.
BSGG: ILATYŇ 60 GÖTERIMINI SANJYM ETMÄGE ÇAGYRDY
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) dünýä jemgyýetçiligini 2022-nji ýylyň ortalaryna çenli ilatyň 60 göterimini sanjym etmäge çagyrdy. BSGG-niň ýaýradan benaýatynda “SARS-CoV-2” koronawirus ýokanjynyň täze görnüşleriniň ýaýramagynyň hem-de ýüze çykmagynyň öňüni almak hem-de töwekgelçilikli toparlary goramak üçin ählumumy raýdaşlygyň zerur bolup durýandygyny belledi.
GYRGYZYSTANA HYTAÝDAN WE ÝEWROPADAN SANJYM GELDI
Gyrgyzystana Hytaýdan “Sinopharm” kompaniýasynyň öndüren sanjymynyň täze tapgyry gelip gowuşdy. Ýurduň döwlet býujetiniň hasabyna 1 million 250 müň doza sanjym alyndy. Ýurduň Ministrler Kabineti öz raýatlaryny sanjym bolup, özlerini we ýakynlaryny goramaga çagyrýar.
Şeýle hem Gyrgyzystana BBGG-niň “COVAX” maksatnamasynyň çäklerinde 226 müň doza möçberinde “AstraZeneca” sanjymynyň ilkinji dozasy getirildi.
Ýewropa Bileleşiginiň Gyrgyzystandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Eduard Auer getirilen “AstraZeneca” sanjymynyň ýurtda köpçülikleýin sanjym işleriniň ilerledilmegine kömek etjekdigini belledi.
Onuň bellemegine görä, umuman 2 million 600 müň doza “AstraZeneca” sanjymy getiriler. Ol hem ýurduň ilatynyň 20 göterimi wirusdan goramaga kömek eder.
ÖZBEGISTANA ABŞ-DAN SANJYM GELDI
Özbegistana ABŞ-dan 3 million 60 doza möüberinde ABŞ-nyň “Moderna” kompaniýasynyň öndüren sanjymy getirildi. Ýerli metbugatyň habaryna görä, bu sanjymlar BBGG-niň “COVAX” maksatnamasynyň çäklerinde berildi.
ÝUNISEF guramasynyň Özbegistandaky wekilhanasynyň habar bermegine görä, ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan iberilen bu sanjymyň Özbegistanyň halky üçin möhüm bolup durýandygy bellenildi.
Özbegistanda 1-nji aprelde başlan köpçülikleýin sanjymdan bäri 7 milliondan gowrak adama sanjym edildi.