SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym alanlar örtük dakynman biler

ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi doly koronawirus sanjymyny alan amerikalylaryň mundan beýläk ähli ýagdaýlarda diýen ýaly, agyz-burun örtüklerini ​​geýmekden ýüz öwrüp biljekdigini habar berdi. Bu barada Ak Tam habar berdi.

– Eger doly sanjym alandan soň, siziň köp ýagdaýlarda içerde ýa-da daşarda örtük dakynman bilersiňiz – diýlip, Ak Tamyň (ABŞ-nyň Prezidentiniň Administrasiýasy) “Twitter” jemgyýetçilik torunda bellenilip geçilýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 4-nji iýulda bellenilip geçilýän Garaşsyzlyk gününe çenli ýurduň uly ýaşly adamlarynyň azyndan 70 göterimine koronawirus sanjymynyň bir dozasyny sanjym etmegi göz öňünde tutýandyklaryny belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Baýdeniň wezipesine girişen gününden bäri 250 million doza sanjym edildi. Uly ýaşly amerikalylaryň 60 göterimi sanjymyň bir dozasyny alandygy bellenilýär.

 

BSGG-niň Baş direktory sanjym etdirdi

Ýene-de okaň

Goşulyşmazlyk Hereketiniň lukmançylyk forumy Aşgabatda geçiriler

Türkmenistan bilen Ýaponiýa syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Germaniýa saglyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny berkider

Plastiki hirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi tassyklandy

Baş Redaktor

Amerikanyň farmasewtika kompaniýasy Hytaýda zawod gurar

Türkmenistanyň nobatdaky saglyk ulgamyndaky üstünligi