TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Samsungyň” akylly sagatlarynyň ýady 8GB bolar

Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy  häzirki wagtda “Samsung Galaxy Watch” akylly sagadynyň täze görnüşiniň üstünde işleýär.

Täze sagat SM-R840 / 845 we SM-R850 / 855 model belgileriniň esasynda işlär. Maglumat bazasynda görkezilen maglumatlara görä, täze sagat “Wi-Fi” we “Bluetooth” arkaly birikdirimek mümkinçiligine eýe bolar. Görnüşler “Wi-Fi-dan” başga-da “LTE” moduly bolandygy üçin ekranyň ululygy bilen tapawutlanýar.

Täze akylly sagadyň 8 GB içerki ýady boljakdygy, häzirki “Galaxy Watch 2”-den iki esse köpdügi mälim edilýär. Batareýanyň kuwwaty 330 mAh-a çenli ýokarlandyrylmagy enjamyň ulanyş möhletini hem gowulandyrar.

Täze “Samsung Galaxy Watch” sagat şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek “Galaxy Note 20” smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan “Galaxy Unpacked” çäresinde hödürlener diýlip garaşylýar.

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle