TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Samsung”-yň akylly sagady tonometriň ornuny tutar

Günorta Koreýanyň dünýä belli “Samsung Electronics” kompaniýasynyň öndürýän akylly sagadyna gan basyşyny gözegçilik etmek üçin täze aýratynlyk goşuldy. Täzelenen görnüşdäki bu akylly sagat şu ýylyň üçünji çärýeginde satuwa çykarylar.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, “Samsung Galaxy Watch Active 2” akylly sagadyndaky “Samsung Health Monitor” ulgamy Günorta Koreýanyň Azyk we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik boýunça ministrligi tarapyndan gan basyşyny ölçemek üçin lukmançylyk enjamy hökmünde ulanmak babatda sertifikatlaşdyryldy. Bu aýratynlyk “Samsung Galaxy Watch Active 2” akylly sagatlary bilen üçünji çärýekde peýda bolar. Geljekde “Galaxy Watch” enjamlarynyň ählisine ýerleşdiriler.

Mälim bolşy ýaly, “Apple” kompaniýasy hem öz akylly sagatlarynda adamlaryň howsala düşýän pursatlaryny öňünden bilmek üçin aýratynlyklar goşmak ugrunda iş alyp barýardy.

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle