TEHNOLOGIÝA

“Samsung Galaxy S25”: emeli aň, 7 ýyllyk programma üpjünçiligi goldawy we kämilleşdirilen kameralar

Dünýä belli “Samsung” kompaniýasy köpden bäri garaşylýan “Galaxy Unpacked 2025” tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi we bu ýerde özüniň meşhur “Galaxy” smartfonlarynyň nobatdakylaryny – “Galaxy S25”, “S25 +” we “S25 Ultra” smartfonlaryny hödürledi. Her bir model özünden ozalkylardan ep-esli tapawutlandy.

Ähli enjamlaryň ýokary öndürijiligi we rahat işlemegi üpjün edýän kuwwatly “Qualcomm Snapdragon 8 Elite” işleýiş ulgamy ýerleşdirildi. Smartfonlaryň “S25” hatary kämilleşdirilen “ One UI 7” örtügine eýe boldy. Şeýle hem üç enjam hem 7 ýyl – 2032-nji ýyla çenli programma üpjünçiliginiň täzelenmegini goldaýar.

Emeli intellekt “Galaxy S25” seriýasy üçin ösüşiň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. “Galaxy S25”  smartfonyň galereýasynda suratlara düşündiriş arkaly gözlemek mümkinçiligi döredildi. Emeli anyň kömegi bilen senenamada meýilnamalaşdyrmak işleri ugrukdyrylyp bilner.

Esasy modeller “S25” we “S25 +” ekranyň ululygy we batareýanyň kuwwaty bilen tapawutlanýar.

“S25” smartfony 6.2 dýuým ekran we 4000 mAh akkumulýator, “S25 +” bolsa 6,7 dýuým ekran we 4900 mAh akkumulýator bar. Iki modeldäki kameralar 50MP esasy kamera, 10MP üç optiki ýakynlaşdyrma kamerasy, 12MP ultra giň burçly kamera we 12MP öň kamerasy bilen öňki nesil bilen deňeşdirilende tapawutlandy.

“Galaxy S25 Ultra” dört reňkde bolar: gök, gara, kümüş we çal.

Başlangyç bahalar:

“Galaxy S25” 12/256 – 800 $.
“Galaxy S25” 12/256 12/256 – 940 dollar.
“Galaxy S25 Ultra” 12/256” – 1,180 dollar.

Ýene-de okaň

“TikTok” tory “Apple Store” we “Google Store” gaýdyp geldi

Ýewropa Bileleşigi emeli intellekt üçin 200 milliardlyk maýa goýum meýilleşdirýär

Gazagystan emeli aň boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask 97 milliard dollar teklip etdi,  Sam Altman kabul etmedi!

Fransiýada emeli intellekt üçin maýa goýumlary 85 milliard dollara ýetdi

Gazagystan bilen Hytaý emeli intellekt barlaghanasyny döreder