TEHNOLOGIÝA

“Samsung”-dan üýtgeşik gulaklyk

Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy “Beans” atly täze “Galaxy Buds” kabelsiz gulaklyklaryny (nauşnik) çykarmaga taýynlanýar. Enjamyň esasy aýratynlygy, noýba meňzeýän üýtgeşik görnüşli bolmagydyr.

Bu täze enjamy onuň ykjam bolmagy sebäpli gulagyň içinde gizläp bolýar. Onuň uzynlygy 22 millimetre deňdir. Täze “Galaxy Buds” birnäçe aýdan hödürlener, ähtimal “Galaxy Note20” smartfonlary bilen bilelikde hödürlener.

Ýene-de okaň

Şäherara ilkinji uçýan taksi synag edildi

Hytaýda emeli aň bilen ilkinji multfilm taýýarlandy

“Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzük tanyşdyrylar

Emeli aň 2 trillion dollarlyk kompaniýany emele getirdi

Ata Watan Eserleri

52 ýyldan soňra ABŞ Aýa kosmos gämisini gondurdy

“Akylly” ýüzükler bazarynda bäsdeşlik ýokarlanýar