TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti öz işine başlady

Şu gün Özbegistanyň Samarkant şäherindäki Kongres merkezinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady. Ilki bilen, bu düzüme agza ýurtlaryň Liderleriniň dar düzümdäki mejlisi geçirilýär. Soňra synçy hem-de hormatly myhman hökmünde gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda sammitiň işi giňeldilen düzümde dowam eder. Samarkant sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlykda ileri tutýan ugurlary bilen bagly çykyş eder.  Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Bu gün Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy şäher Samarkant dünýäniň nazaryny özünde jemleýär. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň şu ýyl 22-nji gezek geçirilýän sammitine dünýäniň 15-e golaý ýurdundan ýokary derejeli myhmanlar ― HHR-iň Başlygy, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Eýranyň, Mongoliýanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň Prezidentleri, Hindistanyň we Pakistanyň Premýer-ministrleri gatnaşýarlar. Giňeldilen düzümdäki mejlisde wekiliýet Baştutanlary bilen bilelikde ŞHG-niň Baş sekretarynyň, bu guramanyň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça sebitleýin edarasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň, şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň degişli orunbasarynyň hem çykyşlary göz öňünde tutuldy.

Sammitiň gün tertibine guramanyň ählumumy howpsuzlyk ulgamyndaky mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan başlap, medeni-ynsanperwer ulgama çenli hyzmatdaşlygyň has derwaýys ugurlary girizildi. Mejlisiň işiniň möhüm ugurlarynyň biri ŞHG-niň agzalarynyň sanawyny giňeltmek boýunça dowam edýän mesele bilen bagly bolar. Şunda Eýrany bu düzümiň agzalygyna kabul etmek bilen baglylykda, düýn onuň borçnamalary hakyndaky Ähtnamalara gol çekilendigini aýtmak gerek.

Samarkant sammitiniň netijeleri boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işini ilerletmek, sebitleýin söwdanyň möçberini artdyrmak, senagat we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, innowasiýalar, sanly tehnologiýalar, logistika, oba hojalygy, lukmançylyk we beýleki ulgamlaryň işi bilen bagly 30-dan gowrak resminamanyň kabul edilmegine garaşylýar. «Samarkant Jarnamasy» adyny alan jemleýji resminamada bolsa agza ýurtlaryň sebit we ählumumy meseleler boýunça anyk garaýyşlary öz beýanyny tapar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň taryhynda täze sahypany açjak nobatdaky sammitiň dünýäniň habarlar giňişliginde giňden beýan edilmegine möhüm ähmiýet berilmegi onuň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Täze açylan «Beýik Ýüpek ýoly» halkara syýahatçylyk merkezinde ýerleşýän Kongres merkezinde geçirilýän bu syýasy çäräni köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dessin we hemmetaraplaýyn şöhlelendirmek maksady bilen, Samarkant şäherinde metbugat merkezleriniň birnäçesiniň işi ýola goýuldy. Şolaryň ikisi syýahatçylyk merkeziniň çäginde ýerleşip, häzirki wagtda olarda 800-den gowrak žurnalist iş alyp barýar. Ýeri gelende, media wekilleriniň 600-e golaýynyň dünýäniň 20-den gowrak döwletine wekilçilik edýändigini aýtmak gerek.

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle