SIZDEN GELENLER

Şalyny ösdürip ýetişdirmekligiň ähmiýeti

Oba hojalyk ekinleri adamyň gündelik durmuşynda ter we gaýtadan işlenen görnüşinde giňden ulanylýar. Şaly ekini hem azyklyk we beýleki maksatlar üçin ulanylýan ekinleriň biridir.

Şaly tropiki howa şertlerinde ýaşaýan ilatyň esasy azyk önümidir. Şeýle howa şertlerinde ýaşaýan ilatly ýerleri däneli ekinleriň hiç haýsysy hem şaly ýaly ekläp bilmeýär. Munuň esasy sebäbi bolsa has çygly howa şertlerinde beýleki däneli ekinler gowy ösmeýär we hasyly pes bolýar. Şeýle şertlerde şaly ekininden ýokary hasyl alynýar. Şalydan gaýry däneli ekinler çygly howa şertlerinde pos keseline duçar bolýarlar. Şaly bolsa pos kömeleklerine durnukly bolup kesellemeýär hem-de gowy hasyl berýär.

Şalynyň tüwüsi, ýarmasy çygly we gurak şertlerde gowy saklanýar. Şeýle hem tüwüden tiz wagtda oňat naharlar taýýarlap bolýar. Tüwüniň düzümindäki organiki maddalar adam bedeninde doly diýen ýaly ýeňillik bilen özleşýär. Adamyň aşgazanynda ýüze çykýan keselleriň öňüni almakda we bejermekde tüwüden taýýarlanylýan naharlar esasy we örän netijeli bejergi serişdesi bolup hyzmat edýär.

Şaly önümleriniň berhizlik häsiýetleri hem bardyr. Ol däneli ekinleriň arasynda köp mukdarda krahmaly saklaýandygy we özüniň ýokary kaloriýa berijiligi bilen tapawutlanýar. Ondaky krahmal örän ýokumlydyr we aňsat özleşýändir. Şalynyň dänesiniň gabygynda ýokumly maddalar bolan belok, organiki birleşmeler we witaminler köp toplanýar. Şalynyň ýarmasynda ýagyň az mukdary saklanýar, onuň möçberi 0,5%-e deňdir.

Tüwüden taýýarlanylan naharlar adam organizminde has ýeňillik bilen we az energiýa sar edilip özleşdirilýär. Tüwüniň özleşdiriliş derejesi has ýokary bolup, ol 95,9%-e deňdir. Onuň kaloriýalylygy 3594 kaloriýa deňdir. Bugdaý ýarmasynyň kaloriýalylygy bolsa 3610 kaloriýa barabar bolup, tüwüniň kaloriýalylygy bugdaý ýarmasynyňka garanyňda biraz pesdir.

Şalynyň dänesinden örän az mukdarda un taýýarlanylýar. Onuň dänesinde kleýkowina ýokdyr. Şonuň üçin hem tüwi unundan çörek bişirip bolmaýar.

Şaly dänesi gaýtadan işlenende tüwi bilen bir hatarda has ownuk we döwük tüwi bölejikleri hem alynýar. Ondan bolsa krahmal alynýar. Ownuk we döwük tüwüden alynýan krahmalyň çykymy 95%-e ýetýär. Bu krahmal lukmançylykda we tüwi pudrasyny taýýarlamakda ulanylýar.

Şalynyň samany oba hojalyk mallary üçin gymmatly we ýokumly ot-iým hasaplanylýar. Ony ýorunjanyň gök massasy bilen goşup silos edilende, örän ýokumly ot-iým taýýarlanylýar. Şeýle hem onuň samanyndan ýokary hilli kagyz, berk we arzan ýüpler, haltalar hem-de sebetler ýasalýar.

Şaly samanynyň düzüminde 50%-e çenli sellýuloza, 20,6% – pentozan, 14,6% – mineral birleşmeler, esasan, kremniý oksidi saklanýar.

Örän peýdaly bolan şalynyň samanyndan öýde geýilýän ýeňil köwüşler, torbajyklar, ýere düşelýän kilimler we başga-da birnäçe önümler taýýarlanylýar.

 

Rüstemow Derýa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

 

Iň uly maşgalanyň maşgalabaşysy aradan çykdy

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary

Ykdysady ösüşleriň berk binýady

Sagdynlyk – kämilligiň gözbaşy

Saglyk – iň uly maksadymyz

Magtymguly Pyragy – beýik milli şahyrymyz

Ylmyň netijesi – terbiýedir