TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Şalgymyň saglyga peýdasy.

Şalgam  (Brassica rapa)   kelemler maşgalasyna degişli köki miweli ekin.  Bir  ýa-da iki ýyllyk ösümlik. Birinji ýyly köki miwe ikinji ýyly bolsa gülläp kösük  emele getirýär. Köki miwesi köplenç daşky görnüşi tegelekden ýasy şeklinde ýa-da uzalan görnüşde duş gelýär.

Şalgamyň watany günbatar aziýa hasaplanýar. Gadymy Müsürde Gresiýada we Rimde  şalgamyň köki miwesini  we  ýapragyny giňden ulanypdyrlar. Sebäbi şalgamy ösdürilip ýetişdirilişinde  köp zähmeti   talap etmändir. Mundan başga-da uzak wagtlap saklamak mümkinçiligine eýe bolupdyr.  Şeýlelik- de şalgam uzak döwür içinde halk köpçüligi tarapyndan giňden ulanylyp gelýän gök ekin hasaplanypdyr.

Şalgam  ýagtylygy söýýän ýeňil toýunsow, çägesow  topraklara talapjaň ekin.  Şalgamyň tohumy we ýaş ösümligi  sowuga durnukly.  Polisaharidler  9% çenli saklanyp, organiki kislotalara, ýantar  kislotasyna we efir ýaglaryna baý.

Ýaş ösümligi kelemler maşgalasyna degişli ekinleriň yzyna ekmeklik     maslahat berilmeýär. Mundan başga – da  mes topraklarda şalgamy dökünlemekligiň zerurlygy ýok. Şalgamyň tagamyna toprakdaky suwuň mukdary täsir edýär. Eger şalgam gurak klimatly şertlerde ösdürilip ýetişdirilse köki miwesi sapakly gaty  ownuk  we ajy bolýar. Şol sebäpli yssy howada tiz – tizden suwarmaly. Tohumlary gögerip çykýan döwründe suwy köp talap edýär. Güýzde sowuk urmazdan öň hasyly toplamaly sebäbi şalgamyň düzminde  60%-90% suw saklanýar.

Şalgamyň düzümi minerallar baý bolup,  gymmatly we berhizlik  önüm

hasaplanýar. Düzüminde köp sanly witaminleri  we minerallary saklaýar.  Minerallardan  kaliý, natriý, kalsiý, kükürt, sink, demir, fosfor, magniý margenes, ýod elementleri köp mukdarda saklanýar. Witaminlerden  A, W1, W 2, W 5, PP  witaminlere  düzminde bar. Polisaharidler  9% çenli saklanyp, organiki kislotalara, ýantar  kislotasyna we efir  ýaglaryna baý.

Aýratyn hem S witaminine ýa-da askorbin kislotasy örän köp mukdarda   saklanýar şol sebäpli gyş paslynda uly köki miwelerini ulanmaly. Şalgamy buglanan görnüşde iýmekligi bilermenler maslahat berýärler. Şeýle usulda şalgam taýýarlananda düzümündäki ähli witaminler ýitirilmän  saklanýar.

 

                                                           MAÝA  HAJYÝEWA,

   Türkmen oba hojalyk institutynyň

                                                                          Agrohimiýa we topragy öwreniş 

                                                                          kafedrasynyň   mugallymy

                                                             

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle