TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sakgyç çeýnemek isleýäňizmi? Baş üstüne!

Men bir zady çeýnemek isleýärin. Munuň üçin haýsydyr bir gymmat bahaly gambrug satyn almak  islegi kanagatlandyryp biler. Mundan başga hem çykalga bar. Bu esasanam pul tygşytlamak isleýän adamlar üçin has amatlydyr. Gadymy grekler rezini sakgyç hökmünde ulanypdyrlar. 1871-nji ýylda dünýäde “Tutti Frutti” atly ilkinji hakyky sakgyç peýda boldy. Şu ýerde sakgyç çeýnemek hakynda käbir gyzykly maglumatlary size ýetirmegi müwessa bildik.

Organizmde madda çalşygy kadalaşdyrýar

Sakgyjyň kömegi bilen siz berhizi gowy saklap bilersiňiz. Çünki ol organizmdäki madda çalşygy çaltlaşdyrýar. Sakgyç çeýneýän adamyň işdäsi peselýär. Şonuň üçin diňe bir horlanmak bilen çäklenmän, has gymmat iýmitleri isleýän pursatlaryňyz puluňyzy hem tygşytlap bilersiňiz.

  Sakgyç çeýnemek adamyň ýatkeşlik ukybyny ýokarlandyrýar

Köp adam üçin şol bir owaz ünsi jemlemäge kömek edýär. Üns berýän bolsaňyz, köp adamlar leksiýa wagtynda depderine haýsydyr bir zadyň şekilini çekýändirler. Hut şol jähetden hem sakgyç çeýnemek adamyň has gowy pikirlenmegine itergi berip, ünsüni bir ýere jemleýär. Şol bir işi ýerine ýetirýäniň tizligi hiç zat etmän oturan adamlar bilen deňeşdirilende on göterim ýokarlanýar.

Sakgyç saglygy we  dostlugy berkidýär

Tagam iýilenden soňra diş etinde galan galyndylar wagtynda ýuwulmasa, dişleriň ýuwaş-ýuwaşdan çüýremegine getirýär. Mundan başga-da agyzda ýakymsyz ys peýda bolýar. Nahar iýilenden soň bäş minutdan gowrak sakgyç çeýnelse, bu howpuň öňüni alyp bolar. Bilýän bolsaňyz, duşuşyga gidýänler (isle ol duşuşyk resmi ýa-da resmi däl bolsun) agzyna sakgyç atyp gidýändirler. Garşyňyzda duran adam bilen gürleşeniňizde agyz boşlugyňyzdan ýakymly ys gelse, siz üçin hem garşyňyzdaky üçin hem ýakymly bolar.

Sakgyjy aşa köp çeýnemek saglyga zyýanlydyr

Eger-de sakgyç gereginden artyk  çeýnelse, aşgazan şiresiniň konsentrasiýasy ýokarlanýar. Bu uzak wagtyň dowamynda aşgazanda ýaranyň peýda bolmagyna (gastrite) sebäp bolup biler.

Şonuň üçin sakgyjy kadaly ulanýan bolsaňyz, gaty peýdaly. Bir zat çeýnemek isleýäňizmi? Baş üstüne!

Şulary okap, söwda merkezlerinde gaýtargy puluňyza derek berilýän sakgyçlary nägilelik bilen ýantorbaňyzyň ýa-da jübiňiziň düýbüne oklaman, ýörite sakgyç almaga dükana bararsyňyz diýip umyt edýäris!

    Altyngözel Amanmämmedowa,

    Türkmen döwlet medeniýet institutynyň

    Syýahatçylyk fakultetiniň talyby.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle