Sahypalara sygmadyk söýgi

                         (hakyky durmuşdan alnan)

 …Agzybir  maşgaladaky bu günki gykylyk hemmeleri geň galdyrdy. Bu wakalaryň sebäpkäri hökmünde anyk biri görkezilip bilinmezdi, emma Bahar daýza hiç çekinmän öz gelnini günäkärledi. Ene-atasynyň ýollarynyň aýrylmagyna sebäp bolan bu waka iki ýaşlyja Gülnuryň durmuşyndaky kynçylyklara başlangyç bolupdy.

Ejesiniň daşary ýurtda işläp gazanan pullaryndan gyzy Gülnura hiç hili paý berlenokdy…

Gülnur uzyn mele saçly, bugdaýrenk, owadan, sada gyzdy, emma on dört ýaşlydygyna garamazdan has uly jogapkärçilikler onuň boýnuna galypdy. Hatda iň ýönekeý zatlar üçin hem oňa käýemekden, ýençmekden çekinmeýärdiler:

-Ene, maňa sowalga pul…-ol sözüni tamamlap hem ýetişmänkä, enesiniň käýinçli sözlerini eşitmeli boldy:

-Men seni bakmaga mejbur däl!Hatda sen ejeňe-de, kakaňa-da agyrlyk etdiň, seni şu günlere getirenime şükür et…

Enesiniň aýdan agyr sözlerinden soň, Gülnur göwnüçökgün halda mekdebiň ýoluny tutdy. Birdenkä onuň ýüregindäki ähli gam-gussa bir ýere ýitirim boldy, gaty-gaty basyp gelýän ädimleriniň haýallamagyna öňünden çykan Eziz sebäp boldy.

Uzyn boýly, görmegeý, syratly ýigide bir görüşde aşyk bolupdy. Aralaryndaky syrly bakyşlar päk söýgüden nyşan.

…Ara düşen 4 ýyl olaryň söýgüsine hiç hili zyýan ýetirmedi, gaýtam olaryň söýgi alawlaryny has-da tutaşdyrdy. Onuň özi bilen bile durmuşyndaky kynçylyklar hem barha ulalyp barýardy. Bir gün bolsa öýüne gelende geň waka bilen garşylaşdy, ilki bada tekjäniň üstünde duran toý saçagyny özi üçin gelendir diýip pikir hem etmändi.

Enesiniň “Ahyr sendenem dynýan bolaýdykda” diýen sözleri onuň hyýalynda janlandy, onuň näme diýmekçi bolandygyna indi ol has aýdyň düşünipdi, ýekeje sözlem onuň ähli arzuwlaryny puja çykardy. Gülnur bu zada näçe garşy çyksa-da, öýde onuň pikirini diňleýän ýokdy. Birje gezek hem görmedik ýigidi bilen durmuş gurmak hiç bir gyzyň arzuwynda bolmasa gerek.

Gülnur enesiniň öz sözünden gaýtmajagyny bilip, ykbala kaýyl boldy. Näçe agyr bolsa-da Ezizi özünden sowatmalydy. Şu niýet bilen ol onuň ähli jaňlaryny jogapsyz galdyrdy. Ezize bu ýagdaý gaty agyr degdi, ol nämäniň nämedigine entägem düşünenokdy. Bir gün bolsa çydap bilmän onuň öýüne barmaga hyýallandy. Her nähilem bolsa ondan bu ýagdaýyň sebäbini öwrenmelidi. Otagyň penjiresiniň açykdygyny görüp, kiçi çagyl daşlaryny penjirä tarap oklamaga başlady… Ine, birdenem asmany ýagtyldan Aý kimin, onuň nurana ýüzi göründi. Gülnur ýuwaşlyk bilen gapydan çykdy, her bakyşda Gülnuryň ýüzi Ezizi özüne maýyl edýärdi:

-Gülüm, bu näme etdigiň boldy? Sebäbini düşündiräýdä haýyş edýän.

-Ezizim meniň başga alajym ýok. Meni mundan artyk gynamaýda…

Eziz bolan zatlara doly düşünensoň, Gülnura bolan söýgüsi has-da artdy. Onuň adamkärçilikli, çaga ýaly päkizeligi ony haýran galdyrdy.

Gülnura edilýän bu sütemler Ezizi hem biparh goýmady. Ol mekdebi tamamlandan soň, Gülnuryň kynçylyklaryny azajyk hem bolsa ýeňilleşdirmek maksady bilen işe başlapdy. Maşgala ýagdaýynyň gowudygyna garamazdan, Eziziň işe başlamagy firma direktoryny gyzyklandyryp ugrady. Soňra Eziziň hekaýasyny eşidenden soň onuň pikirleri düýpgöter üýtgedi:

-Bäh, häzirki wagtda-da beýle maşgalalar bar eken-ow! Kimkä bu nätanyş perişdejik?

-Onuň ady Gülnur-diýenden Saparyň geçmişdäki ýatlamalary göz öňünde janlandy. Iki ýaşlyja gyzjagazynyň gorkup aglaýan sesi gulagynda ýaňlandy. Şundan soň Sapar Muhadowiç öz gyzynyň gözlegine çykdy.

Bir wagtky taşlap giden öýündäki ýagdaý ony çyndanam eýmendirdi. Gyzyna  güýji ýetmejek işleriň buýrulmagy, onuň ýüregini howsala saldy, oňa ýüregi awady…

Gülnuryň öýünde bolsa habarlar düýpgöter başgady. Toý taýýarlyklary başlandy. Gülnura bolsa öýden çykmak gadagandy. Bu hakda Ezize habar berip hem bilmändi. Bu pursat onuň ähli umytlarynyň tükenýän ýeridi, ähli süýji arzuwlardan el çekmäge mejbur eden ýoldy. Çäresizlikden ýaňa göwher däneleri dek gözýaşlar onuň gözüni gaplaýardy.

…Indi bolsa toý başlandy. Uly şowhun-dabara ýokdy, bolaýanda-da bu zatlar Gülnury asla gyzyklandyranokdy… Gelnalyjy geldi, Bahar daýza Gülnura patasyny berip, ony öýden alyp çykdy. Gülnur bu zatlaryň çyndygyna, Eziziň gelmändigine häli hem ynanyp bilenokdy…

Gelnalyjynyň ulag kerweni toý mekanynyň köçesine dönende, bir ulag olaryň ýoluny kesdi, ulagdan nätanyş adam düşdi we gelnalyja tarap  ýöräp ugrady. Märekedäki hiç bir adam onuň kimdigine düşünip bilenokdy, emma Bahar daýza onuň kimdigini bada-bat aňdy. Bu onuň ogly Sapardy… Şol gelşine-de gyzyny gelnalyjydan düşürdi. Ýyllaryň puşmanlygy onuň gözlerinden duýulýardy… Birdenkä ulagdan ýene bir nätanyş ýigit düşdi. Ol Gülnuryň gözüniň nury Ezizdi…

Ýyllar soňra bu wakalary ýatlamak Gülnur we Eziz üçin biraz gynançly birazjyk hem gülkünç ýatlamalardy… Ýyllar olaryň söýgüsini ebedileşdirdi.

Häzirki wagtda “EzNur” firmasy olaryň eýeçiligine geçipdi, Sapar aga bolsa öz bagtly ojagyny birleşdirip, öz mährem aýaly Güljemal bilen bagtly ojakda ýaşaýardy…

 

                                                 Rana Gaýlyýewa,

Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa

dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 26-njy orta mekdebiň okuwçysy

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

 

 

 

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Ýaponiýanyň paýtagtyTokio şäherinde tomusky Olimpiýa oýunlary dowam edýär. Russiýanyň türgenleri sinhronly suwda ýüzmek ýaryşynda ýene-de altyn medal gazandylar. Umuman, häzirlikçe sportuň bu görnüşinde jübütleýin sinhronly suwda ýüzmekde Swetlana Romaşina hem-de Swetlana Kolesniçenko taý tapylanok. Olar eýýäm köp ýyllardan bäri bu ugurda birinjiligi eýeläp gelýär. Tokio Olimpiýa oýunlarynda hem bu iki rus türgeni altyn medalyň eýesi boldy.  Swetlana Romaşina sportuň bu...
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek hem-de berk bedenli, sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, şeýle hem çagalaryň dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň häkimligine S.A.Nyýazow adyndaky etrapda çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri...
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň barşynda Prezidentler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-täjik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda iki döwletiň gyzyklanmalaryny tassykladylar. Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşigi giňeltmek nukdaýnazaryndan, Emomali Rahmonyň bu saparynyň öz wagtyndalygyny we ähmiýetini bellediler. Prezidentler sebit we halkara gün tertibiniň...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Hormatly her günki täleýnama...
Türkmenistan bilen Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleriniň jemleri boýunça köp sanly ylalaşyga gol çekildi. Täjigistanyň resmi habarlar gullugynyň habaryna görä, iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Soňra iki ýurduň hökümet wekiliýetiniň arasynda 19 resminama gol çekildi: Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrligi bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama; 2021-2023-nji ýyllar...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
859FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar