TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SÖHBETDEŞLIK

Sahydursun Hojakowa – sungatyň saýrak bilbili

Sungat – bu ajaýyp dünýä. Bu dünýäde tanalmak, bu ýolda ýol almak her bir sungata höwesek adam üçin uly abraýdyr. Biz hem sungat dünýäsinde öz adyny ebedi ýazdyran, halkymyz tarapyndan söýlüp diňlenilýän aýdymçylaryň biri Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun HOJAKOWA bilen atavatan-turkmenistan.com saýty üçin söhbetdeş bolduk.

  • Sahydursun, Sizi redaksiýamyzda hoş gördük. Söhbetdeşligimiziň başynda Siziň sungat dünýäsine geliş taryhyňyzy gürrüň bermegiňizi haýyş edýäris.
  • Men öz obamyzdan halypam Annamuhammet Annahanowyň ýanyna gatnap aýdym aýtmagy öwrendim. Men onuň ýanyna has kiçiligimden mekdepde 3-nji synpda okaýan döwrümden gatnap başladym. Ilki “Çagdyr çaglar”, “Eneler” diýen aýdymlary öwrendim. Men ondan ençeme aýdymlary öwrendim. Şol aýdymlar bilen obada, etrapda geçirilen çärelerde çykyş etdik.
  • Biz Siziň diňe bir ýurdumyzyň halk aýdymlaryny aýtmak bilen çäklenmän daşary ýurt aýdymlaryny hem aýdýandygyňyzy bilýäris. Daşary ýurt aýdymyny aýtmak aýdymça nähıli mümkinçilikleri döredýär?
  • Daşary ýurt aýdymyny aýtmak has jogapkärçilikli bolýar. Sebäbi şol aýdymyň sözlerini bolşy ýaly ýerine ýetirip bilmek ussatlygy talap edýär. Onuň üçinem şol aýdymy dogry, ýalňyşsyz, kemçiliksiz öwrenmeli, ýat tutmaly. Onam soň heňe geçirip, şol daşary ýurtly aýdymçylaryň äheňini bozman ýerine ýetirmeli. Bu aýdymça tejribe-de berýär. Çünki şol aýdymy öwrenýärkäň şol ýurduň medeniýeti, dili bilen, aýdymynyň äheňi, heňi bilen tanyşýarsyň. Ony özüňde barlap görýäň.
  • Halk aýdym diýlende Siziň adyňyz hem ilkinji akla gelýänlerden biri. Halkymyz Siziň ýerine ýetirýän her bir halk aýdymyňyzy (beýlekilerini-de) söýüp diňleýär. Sizde halk aýdyma bolan söýgi nädip döredi?
  • Biziň Tagtabazar etrabymyzda Pendi ýaýlasy bar. Ol ýerde ýerine ýetirilýän halk aýdymlaryna “Saryk ýoly” diýilýär. Pendi ýaýlasy diýlende şol saryk ýolunyň halk aýdymlary adamlaryň göz öňünde janlanýar. Biziň töwereklerimizde bagşylar çagalykdan eline dutar alyp aýdym aýtmaga başlaýarlar. Şol Pendi ýaýlasyndaky ýerine ýetirilýän aýdymlary aýtmak biziň ganymyzda bar. Mende hem halk aýdymyna bolan söýgi şol Pendi ýaýlasyndan başlady diýsem dogry bolar.
  • Estrada aýdymlarynyňam, halk aýdymlarynyňam özüne mahsus aýratynlyklary, kynçylyklary bar. Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde şolar barada durup geçäýseňiz…
  • Elbetde, halk aýdymlary biziň uzak taryhdan bäri nesilden-nesle geçip gelýän aýdymlar. Eýýäm her bir ynsanyň aňynda şol aýdymlaryň sözleri, heňi, ýerine ýetirilişi galan. Şonuň üçin halk aýdymyny aýdanyňda jogapkärçilik has beter ýokary bolýar. Sebäbi şol aýdymlary halypalaryň aýdyşy ýaly edip aýtmak gerek. Ony ýoýman täze nesle ýetirmeli. Sebäbi biziň bu aýdymlarymyz nesilden-nesle geçip halkyň arasynda ýaşaýar. Çünki halk aýdymlarymyz – bu biziň taryhymyz diýip aýdyp bileris.

Estrada aýdymlary bolsa täze döredilen, ozal eşidilmedik aýdymlar bolýar. Ol seniň täze döreden eseriň bolýar. Ony sen nähili edip halka ýetirseň şonlugyna-da halkyň arasynda kabul edilýär. Soň ony ýaşlar öwrenip ýerine ýetirýär.

  • Biz Sizi uzak ýyllardan bäri sungat dünýäsinde dürli aýdymlary döredip, ýerine ýetirip ýörendigiňizi bilýäris. Sungat dünýäsinde ýöremek üçin nämelere eýe bolmalydygy hakda Siziň hem pikiriňizi diňläýeliň
  • Elbetde, sungat ýoluna gireniňden soň bu ýoldan çykmak kyn. Şonuň üçinem bu ýol gaty inçe ýol. Dogrusy, sungatyň özi inçe sungat. Onuň aňyrsyna hiç wagt ýetip bolmaýar. Munda belli bir derejä ýetdim diýmegem ýok. Sebäbi näçe öwrenseň öwrenmeli zatlaryň kändigine göz ýetirýärsiň.

Sungat ýolunda ýöremek üçin esasy zehin bolmaly. Şol zehini ulanyp, ony durmuşda amal edip halka ýetirmek üçin zähmet gerek. Munuň üçinem özüňdäki bar zady ýadaman zähmet çekip, eliňde baryny edip, işläp halka ýetirmeli.

  • Her bir adam öz kärinden bir zat öwrenýär. Siz sungatdan näme öwrendiňiz?
  • Sungat biziň ykbalymyza, durmuşymyza öwrüldi. Biz sungatyň içine siňip gitdik. Indi biziň hemme zadymyz sungat bilen bagly. Biz durmuşymyzy sungatsyz, aýdym-sazsyz göz öňüne getirip bilemzok. Adam durmuşda ýaşaýşyň, zähmetiň üsti bilen durmuşdaky kynçylyklary ýeňip geçmegi, üstünlige nähili ýetmegi, adamlar bilen nähili gatnaşmalydygyny öwrenýär. Ýaşaýşyň bar ýerinde hemişe kynçylygam, bökdençligem, päsgelçiligem bolýar. Şonuň üçin islendik kärdäki adam maksada okgunly, tutanýerli bolmaly. Hemişe ertiriňi, birigünüňi pikir edip ýaşamagy başarmaly. Meniň kärimiň maňa öwreden zatlary şular.

  • Siz aýdym aýtmakdan daşary näme etmegi halaýarsyňyz?
  • Men ýaşlygymda Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini gutardym. Şondan soň biraz wagt mugallym bolup işledim. Mugallymçylyk kärini hem gördüm. Çagany nähili okatmaly, oňa nähili terbiýe bermeli – bulary öwrendim. Ondan soň Türkmen halk hojalyk institutynyň salgytlar we salgyt salmak bölüminde okuwyma dowam etdim. Onda-da salgytçy bolup 6 ýyl zähmet çekdim. Eýýäm ol düýbünden başga bir kär bolýar. Indi edil häzirki wagtda Mukamlar köşgünde aýdymçy bolup işläp, diňe aýdym-saz bilen meşgullanýaryn.
  • Sungat işgäriniň esasy maksady näme?
  • Sungat işgäri halka ruhy taýdan lezzet berýär. Biziňem esasy maksady halka hyzmat etmek.
  • Durmuşda kejirsiňizmi?
  • Kejir ýerlerimem
  • Özüňizde haýsy häsiýetiňizi halamaýarsyňyz?
  • Men durmuşda birinden göwnüm geçse, şony hiç wagt bagyşlap bilemok.
  • Sabyr etmegi başarýarsyňyzmy?
  • Elbetde, men sabyr edýärin.
  • Durmuşda Size düşümli zat näme diýip hasaplaýarsyňyz?
  • Men o zatlara ynanyp baramok.
  • Häzirki döwrüň aýdymçylaryndan kimleri diňleýärsiňiz?
  • Nurýagdy Rejebowyň, Hajy Ýazmämmedowyň, Pälwan Halmyradowyň aýdymlaryny diňlemegi halaýaryn.

  • Sungat dünýäsiniň geljegi barada nähili pikir edýärsiňiz?
  • Sungat dünýäsiniň geljegi, elbetde, ýaşlarymyza bagly. Sebäbi ýurduň geljekki ýüzi ýaşlarymyz. Ine, bizem halypalarymyzdan öwrenen zatlarymyzy ýaşlara ýetirýäris. Olaram bizi diňläp halka ýetirýärler. Şonuň üçin häzirki döwürde ýaşlarymyz türkmen sungatynyň halypalardan geçip gelýän halk aýdymlaryny ýoýman halkymyza ýetirmeklerini arzuw edýärin.
  • Haýsy sport görnüşini halaýarsyňyz?
  • Sportuň ýoga görnüşini halaýaryn. Woleýbol oýnamagy hem gowy görýärin.
  • Eden arzuwlaryňyzyň hemmesine ýetdiňizmi?
  • Ýetdim diýsemem boljak. Ýöne adam arzuwsyz, guş ganatsyz bolmaz diýilýär. Adam ýaşadykça hemişe etsem-petsemleri bolýar, ýüreginde arzuwlary bolýar.
  • Siz bir işe başlamazdan öň kimler bilen maslahatlaşýarsyňyz? Siziň ýakyn maslahatçyňyz kim?
  • Aýdym meselesinde kompozitorlar Begenç Saparlyýew, Omar Igamow bilen, halypam Annamuhammet Annahanow bilen maslahatlaşýaryn.
  • Siziň bilen aragatnaşyga geçip başlanymda Siziň pespälligiňiz meni haýran galdyrypdy. Siz durmuşda-da başga adamlar bilen hem şeýle tiz düşünişýärsiňizmi?
  • Men pespälligi adamkärçiligiň baş şerti hasaplaýaryn.
  • Sizi begendirýän zat näme?
  • Öz hossarlarymyň jan saglygy, şolaryň bagtly bolmagy.
  • Onda gaharlandyrýan zat näme?
  • Elimden geljek zady edip bilmesem gaharlanýan.

  • Siz özüňizi üç sözde teswirläň diýsek, olar haýsy sözler bolardy?
  • Saglyk. Uzak ömür.
  • Siziň arzuwlaryňyz hakdaky gürrüňiňiz bilen söhbetdeşligimizi jemläýsek
  • Elbetde, nesip bolsa, geljekde hem Watanymyza, halkymyza, Prezidentimize hyzmat etmegi arzuw edýärin. Watanymyzyň ösüşine öz goşandymyzy goşarys. Çagalarymyzy Watanymyza, il-günümize ýaramly, edep-terbiýeli, ylym-bilimli adamlar edip ýetişdirmegi isleýärin.
  • Sahydursun, wagt aýryp redaksiýamyza gelendigiňiz üçin Size uly minnetdarlyk bildirýäris. Geljekde hem durmuşda, hem sungat dünýäsinde beýik üstünlikleri, şowlulyklaryň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Geljekde hem şunuň ýaly ajaýyp günlerde, toý-baýramlarda görüşmek nesip etsin! Meniň bilen söhbetdeş bolandygyňyz üçin sag boluň.

 Söhbetdeş bolan Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

 

Birleşen Arap Emirlikler :Abraýly ýokary okuw mekdepleri 2022

Ýene-de okaň

Çary Berdiýew – sungata aşyk ynsan

Batyr Çaryýew – sungata baglanan ykbal

Gözel Annahanowa: sungat ýolunda kemal tapan ýüregim

Ata Watan Eserleri

Teswirle