TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Şahsy hyjuwyňyzy nädip artdyryp bilersiňiz?

Ýerine ýetirmek isleýän arzuwlaryňyz ýa-da ýetmek isleýän uly maksatlaryňyz bar, ýöne höwesiňiz pes bolany üçin hereket edip bilmersiňiz. Höwesiňizi artdyrmak we arzuwlaryňyza ýetmek üçin bu usullary synap bilersiňiz. Motiwasiýa bizi herekete getirýän esasy güýçdir. Bu güýje eýe bolanyňyzda, has islegli we has gowy gönükdirilen adama öwrülersiňiz we haýsy päsgelçiliklere garamazdan her zady ýeňip geçip bilersiňiz diýip pikir edýärsiňiz. Şeýle-de bolsa, hyjuwy ýokary derejede saklamak hemişe aňsat däl bolup biler.

Hyjuwyňyz pes bolsa

Aladalylyk, özüňe şübhelenmek, gorky, ýadawlyk ýa-da gündelik durmuşyň aladalary höwesiňiň peselmegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin höwesiňizi ýitireniňizde näme etmeli? Taşlamakmy? Durmuşyň akymyna görä bolmakmy? Höwesiňiz peselende, ýüz öwürmegiň iň ýönekeý çözgüdi ýaly bolup görünse-de, bu siziň ýeke-täk mümkinçiligiňiz däl. Içiňizdäki energiýany çykarmak üçin edip biljek köp mümkünçilikleriňiz bar.

Çuňluga gidiň

Ýetmek isleýän maksatlaryňyzy we näme üçin şol maksatlara ýetmek isleýändigiňizi ýada salyň. Maksatlaryňyzyň aňyrsyndaky sebäpler, bu siziň üçin dogry görnüşi aňlatmaýar. Mysal üçin: “Gowy görünmek isleýänim üçin horlanmak isleýärin” gowy başlangyç bolsa-da, maksadyňyza ýeteniňizde durmuşyňyzda nähili oňyn üýtgeşmeleriň boljakdygy möhümdir.

Ylhamyňyzy tapyň

Ylham berip biljek wakalary ýa-da adamlary tapmak, höwesiňizi artdyrmagyň ajaýyp usulydyr. Siz bilen birmeňzeş maksatlary paýlaşýan we üstünlik gazanan adamlaryň ylham berýän hekaýalary höwesiňizi artdyrar. “TED” gepleşikler, awtobiografiýalar, hakyky hekaýalara esaslanýan filmler ýa-da meşhur adamyň karýera basgançagyna çykmagy baradaky hekaýa sizi ruhlandyryp biler.

Kiçijik ýeňişleri gutlamagy unutmaň

Şowsuzlykdan gorkmak, hyjuwy ýitirmegiň iň çalt usulydyr. Özüňize bir maksat goýsaňyz we bu maksadyňyza pikir edişiňiz ýaly çalt ýetmeseňiz, tiz wagtdan ýüz öwürmäň. Şol ýolda ädýän her bir kiçijik ýeňişli ädimiňizi gutlamany unutmaň. Her oňyn ösüşde özüňize baha bermegi ýatdan çykarmaň.

Dynç almak

Ýoluňyzda büdräp, umytsyz bolup bilersiňiz. Bu siziň höwesiňiziň peselmegine sebäp bolar. Başdan geçiren şowsuzlyklaryňyz, maksadyňyza ýeterlik derejede ygrarly däldigiňizi aňlatmaýar, diňe bir dem almagyňyzy we käbir zatlaryň akymyna ýol açmagyňyzy aňladýar.

Gelejege bir bellik goýuň

Höwesiňizi artdyrmagyň usullaryndan biri, geljekki özüňize bellik ýazmakdyr. Geljekde kim bolmak isleýändigiňizi we nirede bolmak isleýändigiňizi maksat ediniň we olary sanaň. Bu kiçijik maşk, maksatlaryňyza tarap hereket etmegiň nirä eltjekdigini görkezer.

Wise-premýerleriň üstüne ýüklenen täze wezipeler

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle