Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli teartlary gapylaryny giňden açyp, öz tomaşaçylaryna dünýäniň nusgawy eserleri esasynda sahnalaşdyrylan birnäçe spektakllary giň köpçülige ýetirdiler. Şolaryň hatarynda 6-njy dekabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda iňlis ýazyjysy Uilýam Şekispiriň adybir eseri esasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň sahnalaşdyran “Romeo we Julýetta” atly spektakly hem bar.
Ýurdumyzyň ähli teatrlary Bitaraplyk baýramyna sowgat hökmünde dünýä nusgawy eserleriniň birnäçesini sahnada goýup, ussat artistlerimiz tarapyndan halka hödürlendi. Sahnalarda goýulan daşary ýurtlaryň nusgawy eserleri Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişliginde-de, medeniýetde hem sungatda uly öňegidişlikleri gazanýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň medeniýetli dynç almagy üçin edýän tagallalaryna halkymyz çyn ýürekden hoşallyklaryny bildirýärler.
Baýramçylyk mynasybetli goýulan “Romeo we Julýetta” sahna oýny dekabr aýynyň 7-sine-de tomaşaçylara görkeziler.
Bägül Kakalyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby