TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Sahnada täze eser: “Kim kimi söýýär?”

4-nji mart güni Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Ereş Hamraýewiň sahnalaşdyrmagynda “Kim kimi söýýär?” spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy. Goýlan spektaklyň edebi esasyny Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Berdi Bäşimow ýazypdyr. Institutda bilim alýan 3-nji ýyl talyplaryň goýan bu spektaklyndan soň sahna eseriniň režissýory we käbir talyp artistler spektakl barada gysgaça söhbetdeş bolduk.

Ereş HAMRAÝEW – spektaklyň režissýory:

-Biziň bu günki tomaşaçylara görkezen “Kim kimi söýýär?” atly spektaklymyz Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Berdi Bäşimowyň edebi esasyny ýazmagy esasynda goýuldy. Bu spektakl Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň kino we drama aktýory hünäriniň 3-nji ýyl talyplarynyň döredijilik işidir. Spektaklyň esasy many-mazmuny ýaş nesilde söýgä bolan garaýyş, ýaşlaryň biri-birine hormaty bolup durýar. Spektakl sazly komediýa bolup, tomaşaçylaryň ýaşlar toparyna degişli. Sahna eserinde Mähri bilen Serdar, Myrat bilen Ejebaý esasy gahrymanlar bolup çykyş edýärler. Eserde Serdar Mährä, Serdaryň dosty Myrat bolsa Ejebaýa aşyk bolýar. Indi olar öz söýgülerini biri-birlerine beýan edensoňlar, bu söýgini Serdaryň ejesine nähili aýtmalydygy esasy mesele bolup durýar. Bu mesele spektaklyň ahyrynda üýtgeşik çözüliş bilen tamamlanýar.

Gülşat Tokaýewa – talyp:

-Men Berdi Bäşimowyň “Kim kimi söýýär?” pýesasynda Serdaryň ejesi Bibi Saparownanyň keşbini janlandyrýan. Bu keşpde öz balalaryna bagt arzuwlaýan enäniň keşbi öňe çykýar. Ol ogly Serdary göwnünden turan gyzyna öýlendirjek bolýar, emma şäherde ýokary okuw jaýynda okap ýören Serdaryň halaýan gyzyny habarsyz. Ol bu habary spektaklyň ahyrynda eşidýär. Umuman, aýdanymda, spektakl juda gyzykly we watandaşlarymyzy bu spektaklymyza tomaşa etmäge çagyrýarys.

Bibihatyja NURMUHAMMEDOWA – talyp:

-Bu günki spektaklda men Mähriniň keşbinde çykyş edýärin. Mähri Serdaryň halaýan gyzy bolýar. Olar biri-birini ýürekden söýýärler. Emma Serdar Mährini söýýändigini ejesine aýdyp bilenok. Ýöne günleriň birinde Bibi Saparowna paýtagta oglunyň ýanyna gelýär we oglunyň halaşýan gyzynyň kimdigini Serdaryň guran oýnunyň üsti bilen öwrenýär.

Rahym Garagulow – talyp:

-Berdi Bäşimowyň ýazan bu spektakly päk söýgini wagyz edýär. Munda öz söýgüsine ýetmek isleýän iki sany dostuň – Mekan bilen Serdaryň öz söýgüler ugrunda başlaryndan geçirenleri görkezilýär. Eserde Mekan Serdaryň jigisi we hassahanada şepagat uýasy bolup işleýän Ejebaýa aşyk bolup, oňa söz aýdýar. Ejebaýyň hem Mekana göwnüniň bardygy spektaklyň dowamynda aýan bolýar.

Aýsenem NAZAROWA – talyp:

-Men spektaklymyzda esasy gahrymanlaryň biri bolan Ejebaýyň keşbini janlandyrýan. Ejebaý oba saglyk öýünde şepagat uýasy bolup işleýär. Ol şeýle hem obada abraýly maşgalanyň ýeke-täk gyzy. Keşbimiň häsiýeti barada aýtsam, Ejebaý özdiýenli gyz. Ol öz söýgüsiniň yzynda soňuna çenli gidýär. Spektaklyň ahyrynda Mekana bolan söýgüsi bularyň birleşmeklerine getirýär.

Mekan MOLLAÝEW – talyp:

-Men päk söýgini wagyz edýän bu günki spektaklymyzda men baş keşp bolan Serdaryň keşbini janlandyrdym. Ilki bilen, bu keşbi maňa ynanandygy üçin režissýorumyza uly minnetdarlyk bildirýän. Serdar durmuşda sada, emma ol öz pikiri, öz diýeni bilen hereket edýär. Spektaklda Serdaryň ejesi Serdara öz daýzasynyň gyzy Gülläni alyp bermekçi bolýar. Ýöne, Serdar başga bir gyza – Mährä aşyk. Onsoň Serdar ejesine muny aýan etmegiň ýoluny gözleýär. Ahyry bir oýun gurap, ejesi bilen Mährini duşurýar we özüniň onda göwnüniň bardygyny mälim edýär. Umuman alanymyzda, spektakl örän gyzykly. Okyjylary biziň bu spektaklymyzy görmäge çagyrýarys.

Geldi MYRATNAZAROW – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy:

-Ine, ýakynda institutymyzyň mugallymy Ereş Hamraýew Berdi Bäşimowyň “Kim kimi söýýär?” pýesasyny sahnalaşdyrdy. Bu gün hem bu spektaklyň ilkinji görkezilişi boldy. Spektaklda öňe sürülýän esasy tema häzirki döwrüň ýaşlarynyň arasyndaky söýgi, olaryň biri-birlerine bolan hormaty. Talyplarymyzyň ukuby, gujur-gaýraty spektakly juda gyzykly edipdir. Bizem bu ýaşlarymyza geljekde-de üstünlikleriň ýar bolmagyny we täze görkezilen spektaklyň şowly, köp tomaşaçyly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Söhbetdeş bolan Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Ýene-de okaň

Döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň işi sanlylaşdyrylar

Stambulda bütindünýä hor aýdym-saz sungatynyñ simpoziumy geçiriler

Ata Watan Eserleri

ABŞ-da Magtymguly Pyragynyň edebiýat agşamy

Teswirle