TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Säheriň kalbynda päklik bar ýa-da ilkinji ädimler säherde ädilýär

Hal atan säheriň keşbine bakyp, nazarymy uzaklara dikýärin. Bu görnüşe bakanymda, näme üçindir, her gezegem säher gözýaş döküp kalbyny päklän derwişler göz öňüme gelýär.

Belki-de, Günüň dogýan gadymy Gündogaryna tämiz säherleriň ilki düşýäni üçindir!

Belki-de, Gündogarda säheriň — täze günüň iň oňat dilegler, synmajak ynamlar bilen begençli garşylanýany üçindir!

Bir zat weli hak: ir sabada turup, umyt-arzuwlar bilen säheriň getiren güneşine, mawy asmana, ene topraga — bakylygyň nyşanlaryna, ýaşaýşyň müdimilik alamatlaryna salam bereniňde göwnüň galkynýandyr:

― Salam, Güneş! Salam, Asman! Salam, Toprak!

Säher ösen rehnet ýeli ruhuňy tämizleýär. Şu üç bakylygyň astynda iň oňat maksatlary tutmak, ilkinji ädimleri ätmek, megerem, üstünligiň düýp syrydyr. Sebäbi binanyň berkligi binýatdan başlanýar. Binýadyň päk, berk bolsa, tutan ýoluň, il aýtmyşlaýyn, hak ýol bolsa, onda amala aşmak, hasyl bolmak ähtimallygy, matematikleriň dili bilen aýdanyňda, 0-a däl-de, 1-e ýakyn. “Üstünlik” sözüne many jähetden seredip göräýeliň: “üstünlik” — üst-üste gitmek, ýagny basgançak. Indi biz üstünligi — “maksatlarymyzyň taslama basgançagy” diýip göz öňüne getireliň. Sebäbi maksadymyza ýetmek üçin saýlan ýolumyzy dik ýokaryk gidýän çyzyk diýip bilsek, ol ýerden-ä ýöräp bilmejegimiz düşnükli. Ýapgyt göni çyzyk etsegem taýyp gaýtjagymyz gümana. Iň gowusy, durmuşyň gözi bilen seredip, basgançak bilen — ädimme-ädim üstünlige sary gadam goýalyň. Şonda biz, azaply hem bolsa, basgançagy — binýady berk materialdan gurmasak, orta ýolda, öz maksadymyzyň pidasy bolmak ähtimallygymyzy ýokarlandyrýarys. “Ilkinji ädimler säherde ädilýär” diýmegimiziň sebäbi-de şunda. “Säher” simwoliki manyda:

Birinjiden, heniz maksat tutmankaň, säheriň päkligi ýaly kalbyňy päklemek — üstünlige tarap ymtylmazdan ötri, ýagşy niýet tutmak.

Ikinjiden, säherde — ähli adamlaryň turýan, günüň başlanýan wagtynda pikirleriňi kelläňde göterip, ýel ugruna ygdyryp ýörme-de, işe başla! Oňatja pikirlen-de, taslamasyny kagyza belle, öňüňde anyk maksatlar goý, günortana ýa agşama galsaň, giç bolmagy mümkin.

Üçünjiden, säheriň terligi, tereňligi bilen pikir etmek, ýagny pähimli pikir ýörediş. Her ädimiňi pikirlenip basmasaň, seniň ýöräp barýan ýoluň aýna däl, seresapsyzlykdan büdüräýmegiň ýa öňüňdäki suwly oýtaga basyp, köwşüňi haraplaýmagyň mümkin. Artyk alada näme gerek?! Şonsuz hem aladalar ýetik ahyryn!

Dördünjiden, ruhubelentlik, gam-gussa seriňi aldyrmazlyk. Säher turanymyzda, Gün ýalpyldap nuruny seçip dursa, lemmer-lemmer ak bulutlar kerwen gurap geçip dursa, adatja şemal öwsüp dursa, nähili keýpiň çaglanýar, ruhuň göterilýär, ähli gam-gussaň unudylýar, işe-de höwesli başlaýarsyň.

Bäşinjiden, säherde bütin ýodalar-ýollar açylýar. Bir ýoda düşdüňmi, şowsuzlykdan, umytsyzlykdan halys süňňüň sökülip, gyra çykanyňda, tutan oňat maksadyň saý-sebäp bilen seni başga bir üstünlige barýan, gidip oňaraýjak ýodaňa atarar. Hut durmuşda-da şeýle, çünki gürrüň beripdiler:

― Bolmajak zady hiç wagt boldurjak bolmadym. “Entek nesibäm gyssaýan däldir” diýip, biraz sägindim-de, pikir etdim. Başardygymdan duýga däl-de, sagdyn pähime gulluk edýän pikirleri aňymda aýlajak boldum. Edil şu wagt men haýsy bir edýän işimi has oňat ýerine ýetirýärin? Ana, şoňa ünsümi güýçlendirip, güýç ýeterimdäki işde üstünlige ymtyldym hem belentlik basgançaklaryna barýan öz ýolumy tapdym.

Ýene-de iki esasy zat: köp akyldarlaryň aýdyşy ýaly, hemişe iç daşdan uly bolmalydyr we ähli beýik, uly zatlar kiçijik, ýönekeýje zatlardan başlanýandyr. Şulary unutmak — maksadyňdan meýletin el götermeklige barabar.

Dünýä edebiýatynda arzuwçyl çagajyklar hakda köp eserler bar. Siňe syn etseň, şol arzuwçylja çagalaryň köpüsi öz uly-uly arzuwlary bilen hemişe özlerine ruhy tarapdan motiw berýändirler, ýagny bir kynçylyga uçrap, maksatlaryndan dänäýjek-dänäýjek wagtlaryndaky dartgynly pursatlarda özlerini şol maksada ýeten, ondanam has ýokardaky şahsyýet hökmünde göz öňüne getirip ýa bolmasa, şolar ýaly arzuwlar bilen ýene-de herekete başlaýandyrlar, özem indiki hereket has tutumlydyr. Sebäbi olaryň özleri özlerini goldamagy başardylar, özlerine ynandylar…

Durmuşyň bir hakykaty bar (ony men ýa ýene biri aýdanok, ony “Durmuş” atly beýik mekdep aýdypdyr): ähli beýik, uly zatlar kiçijik, ýönekeýje zatlardan başlanýar. Okapdym: dünýä belli bir şahsyýet hakynda. Ol şahsyýet heniz şahsyýetlige göterilmänkä, sadawar ýaşaýyşda bolup, hatda daş-töweregindäkileriň onda “gözleri-de eglenmeýär” eken. Käte ol beýik arzuwlary hakda söz açanda, gaýta onuň üstünden gülüp: “Ol beýiklikler nire, sen nire? Ol zatlara kelläňi agyrdyp ýörme-de, köpräk işle, birneme pul gazan, üst-başyňy täzele!” diýip, ony kemsitmekden hem gaýtmandyrlar, ýaňsyly-ýaňsyly garapdyrlar. Bu zatlar oňa barha agyr degipdir. Şeýle netijä gelipdir: maksadyňy, arzuwlaryňy aýtmakdan saklan, barybir saňa daşyňdan baha berýärler. Halys ýüregine sygmadyk wagty arzuwlaryny, maksatlaryny gündeligine belläpdir. Her gezekki bellikden soň, öňkülere göz gezdiripdir. Pikirlerini bir ýere jemläpdir, öz üstünde işläpdir, öz-özünden hasabat soramagy, özüni kämilleşdirmegi endik edipdir. Şowsuzlygyny hem, üstünligini hem gündeligi bilen paýlaşypdyr. Günler geçip dur. Hälki “gözleri eglenmedikleriň” — daşdan baha berýänleriň birden muňa gözleri düşýärler-de, edil bulutdan çykan Güne garan ýaly bolýarlar. Birden Güne seredäýeniňde, gözüňi gamaşdyrýandyr, uzagrak seretseň öwrenişýänsiň, köpräk seretseň gözüň agyryp ugraýandyr. Eý-how, bu şahsyýet edil parlap dogan Gün ýaly, onuň belentligi hälkileriň şeýlebir gözüni gamaşdyrdy, haçan seretseler seredäýsinler, hiç gözlerini agyrmaýar. Çünki olar arzuwçyla düşünjek bolman, üstünden gülüpdiler, ýaňsylapdylar. Ol bolsa, sagdyn pähime eýeripdi: bagyň köki gowşak bolsa sähelçe şemalam onuň ömrüni soňlaýar, şonuň üçin bag birbada ýokary göterilibermän, topragyň astynda köküni çuňaldýandyr, garşylyga taýýar bolýandyr. Edil şolar ýaly her päsgelçilikden, şowsuzlykdan bir zatjagaz öwrenip, ýoluňy dowam etmek lazym.

Ýöne unutma: şowsuzlygam her dürlüdir, diňe sagdyn pähimiň şowsuzlygynda öwrenere zat bardyr. Şeýleräk adamlara-da duş gelýärsiň: olar şöhradyň perzentleri, hemişe ilden saýlanmaga ýykgyn edýärler. Şowsuzlykdan sapak alynýandygy hakda eşitdikleri keýplerine görä şowsuzlyk döreden bolup, ondanam sapak alýan kişi bolup daş-töweregine ýaňrajagy bolaýjak ýagdaý. Şeýle seredäýeniňde, ol belli bir zat gazanan hem ýalydyr, emma onuň düýbi ýokdur, salgyma çalymdaşdyr. Hakyky beýik işler ýüregiňde şineläp, kök urup, kem-kemden amala aşýar. Bir zady dile: hälki şahsyýetiňki ýaly saňa üns berilmesin, seni diňe dag üstündekäň görsünler, goý, onda-da ellerini kölegeledip delmuryp-delmuryp garasynlar! Ýöne nesibäň işläp, daga çykaýanyňda-da, Günüň öňüni ýapmak pikirini edäýmegin, hatda golaýyňa-da getiräýmegin! Şöhratdan başyň aýlansa, entirekläp, uçutdan agaýmagyn — ähli gazananyň özüňe ýagy bolmagy mümkin.

* * *

Yrym üçinmi ýa endikmi, bilemok, maňa adat bolşy ýaly, ýazgymyň jemlemesini ertire goýdum (ýazýan islendik zadymy ir ertir jemlesem ýerine düşäýjek ýaly)…

Şeýdip, ýene-de hal atan sähere salam berip, didaryny synlamak üçin daş çykdym. Şol bada säheriň demi degen topragyň ysy özüne maýyl etdi. Sepeläp başlan ýagyş eýýäm ene topragy petir bezän ýaly edipdir.

Asman säherde gözýaş dökýär.

Diýmek, säheriň demi düşen asman bilen ene toprak arasy päklenýär.

Sebäbi säheriň kalbynda päklik bar.

Kalbyňda şinelän ilkinji emelsiz söýginiň päkligi ýaly, özümiz bilmezden, tutan oňat, beýik maksadymyzyň ilkinji ädimlerini sähere deňesek ýalňyş bolmajak ýaly. Goý, tutan maksatlarymyz, diňe ilkinji däl, ähli ädimlerimiz päklikden, halallykdan gözbaş alsyn! Şonda üstünligem, şowlulygam hemişe hemramyz bolar. Aýdylyşy ýaly, gözbaşy arassa akabalar hemişe-de şol durşuny saklaýandyr, elmydama gereklidir.

Kakajan ÇARYÝAROW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle