17/01/2021 5:45
Home SAGLYK Rus sanjymy Hindistanda-da öndüriler

Rus sanjymy Hindistanda-da öndüriler

Russiýanyň göni maýa goýumlar gaznasy koronawirus ýokanjyna garşy işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymyny Hindistanda öndürmek babatda şertnama baglaşdy. Hindistanyň iň uly derman öndürýän kompaniýasy “Hetero”-nyň bu sanjymyň 100 million dozadan gowragyny öndürmegine garaşylýar. Bu önümçilige 2021-nji ýylyň başyndan girişmek göz öňünde tutulýar. Bu barada  Russiýanyň göni maýa goýumlar gaznasynyň metbugat beýannamasynda bellenilip geçilipdir.

“Hetero Labs” kompaniýasynyň habar bermegine görä, önümçilikden öň bu sanjymyň Hindistandaky kliniki synaglarynyň netijelerine garaşylýar.

Mundan ozal, Russiýanyň göni maýa goýumlar gaznasy “Spunik V” sanjymyny öndürmek boýunça Braziliýa, Hytaý we Günorta Koreýa bilen degişli ylalaşyklar baglaşdy. Mundan başga-da, Russiýanyň özi dünýäniň onlarça ýurdundan bu sanjymyň 1,2 milliard dozany öndürmek boýunça sargytlar aldy. Eger şu şertnamalar ýerine ýetirilen halatynda sanjym öndürijiler her ýyl milliardlarça dollar gazanarlar.

“Sputnik V” sanjymyny Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde hem öndürmek mümkinçiligi bolup biler. Bu ugurda Wengriýanyň derman öndürýän kompaniýalary bilen işler alnyp barylýar. Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýýarto kliniki synaglar geçirmek üçin bu sanjymyň ilkinji nusgalarynyň ýurda getirilendigini mälim etdi.

Okap bilersiňiz  Gündelik şeker kabul etmegiň möçberi näçe?

Ýewropa Komissiýasy Oksford uniwersitetiniň “AstraZeneca” kompaniýasy bilen bilelikde öndüren sanjymyny. Şeýle hem “BionNTech-Pfizer” kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynda taýýarlanan sanjymyň ygtybarlylygyny we howpsuzlygy barlagdan geçirýär. Şondan soňra bu sanjymlar Ýewropa Bileleşiginde hasaba alnar.

Okap bilersiňiz  Kompýuter oýunçylarynyň sany artýar

“Spunik V” sanjymyny işläp düzüjiler onuň täsirliliginiň 95 göterime deňdigini belleýärler.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Okap bilersiňiz  Ibragimowiç futbol ýoluny tamamlap biler

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.
Okap bilersiňiz  Covid-19: ABŞ-dan hoş habar
Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ronaldonyň taryhy rekordy: iň köp gol geçiren futbolçy

Şu hepde Italiýanyň "Seria A" milli futbol çempionatynda taryhy waka bolup geçdi. "Ýuwentus" topary bilen "Sassuolo" topary çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň çäklerinde duşuşdy. "Ýuwentus" toparynyň...

Ekrany hereket edýän smartfon

Günorta Koreýanyň “LG” kompaniýasy “CES 2021” tehnologiýa sergisinde “LG Rollable” açylyp ýygnalýan ekranly smartfonyny hödürledi. Smartfon oňyn täsir galdyrdy. “LG” kompaniýasynyň resmi wekili “LG Rollable”...

Ownuk üwelen kükürdiň önümçiligi ýola goýlar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde oba hojalygynyň zerurlyklary üçin gerek bolan himiýa önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler...

Kubok duşuşyklary: “Bawariýa” ýaryşdan çykdy, Poçettinonyň ilkinji kubogy  

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda kubok ýaryşlary geçirildi. Germaniýanyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşda garaşylmadyk netije bilen tamamlandy. Ýewropanyň güýçli toparlaryndan hasaplanýan “Bawariýa” topary Germaniýanyň Kubogynyň 1/16...