25/01/2021 22:52
Home SAGLYK Koronowirus: iň köp sanjym nirede uruldy?

Koronowirus: iň köp sanjym nirede uruldy?

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýyl hoş habarlar bilen başlady. Dünýä döwletleriniň ençemesinde koronowirus pandemiýasyna garşy sanjymlar geçirilip başlandy. Sanjymlar bilen stastistiki edaralar tarapyndan olaryň hasabatlary hem ýöredilmäge başlandy.

5-nji ýanwardaky maglumatlara görä, häzir iň köp adamy sanjym eden döwletleriň sanawynda Hytaý Halk Respublikasy birinji orny eýeleýär. Häzire çenli hytaýlylaryň 4,5 millionyna ýakynyna koronowirus sanjymlary uruldy. Ikinji orny bolsa 2,8 million adam bilen ABŞ eýeleýär. Ilkinji üçlügi ilatynyň 1,1 millionyna sanjym uran Ysraýyl jemleýär. Şeýle hem öňdebaryjylaryň hatarynda Beýik Britaniýa, Russiýa, Germaniýa, Italiýa, Kanada, Bahreýn ýaly döwletler bar.

Göterim möçberinde düzülen sanawyň başyny bolsa Ysraýyl çekýär. Deslapky maglumatlara görä, her 100 ysraýyllynyň 12-sine sanjym urlupdyr. Ilkinji üçlükde Bahreýn (3,57) bilen Islandiýa (1,43) bar. 

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Gündelik şeker kabul etmegiň möçberi näçe?

IŇ TÄZE HABARLAR

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Konor Makgregor – Dastin Porýe tutluşygy

24-nji ýanwardan 25-nji ýanwara geçilýän gijede Abu-Dabi şäheriniň ýörite Söweş adasynda “UFC 257” atly ençeme söweş tutluşyklary geçiriler. Merkezi tutluşykda Konor Makgregor bilen Dastin...

Rels degmän hereket edýän ýokary tizlikli otly

Hytaý Halk Respublikasy ýokary tizlikli otly ulgamynda täze üstünliklere eýe boldy. Ýurduň relslere degmän, sagatda 620 kilometr tizlikde gidýän otlusy tanyşdyryldy. Täze “Maglew” otlusy...

«Türkmen Logistika» we KAZLOGISTICS hyzmatdaşlara öwrüldiler

Döredilenine ýaňy bir ýyl bolan bolsa-da, «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň üstünlikli ädimleri dowam edýär. Adyndan hem belli bolşy ýaly, üstaşyr ulag hyzmatlaryna ýöriteleşdirilen bu assosiasiýa...

Daşary ýurtly aýdymçylaryň arasynda türkmen aýdymyny aýtmagyň halkara bäsleşigi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hasabat berildi.
Okap bilersiňiz  Mekdepde gorag çäreleri
Degişli...