28/01/2021 11:13
Home SAGLYK Koronawirusyň hasaba alnanyna bir ýyl doldy

Koronawirusyň hasaba alnanyna bir ýyl doldy

Ählimize mälim bolşy ýaly, Ýer ýüzi koronawirus ýokanjy bilen göreşip gelýär. Bu babatda, lukmanlar, alymlar şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy birnäçe işleri alyp barýar.

Şu gün Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy koronawirusynyň täze görnüşini dünýä mälim edenine 1 ýyl boldy. 2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy dünýädäki durmuşy düýpgöter üýtgeden bu ýokanç kesel baradaky netijeleri mälim edipdi. Koronawirus 2019-njy ýylyň dekabrynda ilki bilen Hytaýda peýda bolup başlady diýlip, «ntv.com.tr» saýtynda aýdylýar.

Ilkinji sanjym Russiýadan

Russiýa geçen tomusda «Sputnik V» atly sanjymyň täsirli bolandygyny habar berdi. Russiýada 15-nji dekabrda sanjym barlaglarynyň tutuş ýurt boýunça başlandygyny habar berildi. «Sputnik V» Russiýa tarapyndan bellige alnan ilkinji koronawirus sanjymydyr.

Soňra ABŞ-nyň we Germaniýanyň bilelikde öndüren “Pfizer/BioNTech” sanjymy, ABŞ-nyň “Moderna” kompaniýasynyň sanjymy, Hytaýyň birnäçe sanjymlary, Oksford uniwersitetiniň “AstraZeneca” kompaniýasy bilen bilelikde işläp düzen sanjymlary döredilip, bu sanjymlar dünýäniň dülri ýurtlarynda kem-kemden sanjym edilip başlandy.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Okap bilersiňiz  Zenan

 

IŇ TÄZE HABARLAR

YHG-niň Baş sekretary bilen onlaýn duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi
Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk...

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan  pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär....

Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen nädip aragatnaşyk saklamaly?

Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman...

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Rus futbolçysy Italiýada oýnar

Italiýanyň “Fiorentina” futbol topary özüniň resmi saýtynda Russiýanyň “Spartak Moskwa” futbol toparyndan russiýaly hüjümçi Aleksandr Kokoriny transfer edendigini resmi taýdan habar berdi. Oýunçynyň topar...

Türkmen futbol toparlary AFK-nyň kubogynda bu ýyl aýry-aýry toparçalarda ýaryşar

Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda şu gün AFK-nyň Çempionlar ligasynyň we AFK-nyň kubogynyň 27-nji ýanwarda boljak bije çekilişigi üçin gatnaşyjy toparlardan ybarat sebetleri düzdi....

Türkmenistan bilen Belarus hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekişdiler

2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Makeý bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri geçirdi.
Okap bilersiňiz  “Sputnik V”: haçan hemmelere elýeterli bolar?
Duşuşygyň...

Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary

2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana iki günlük sapary başlandy. Ertesi gün Azerbaýjanyň DIM-niň...