30/11/2020 6:22
Home SAGLYK Koronawirus sanjymynyň bahasy belli boldy

Koronawirus sanjymynyň bahasy belli boldy

Ýewropa Bileleşigi “Pfizer” hem-de “CureVac” waksinalary üçin 8 milliard ýewrodan köp maliýe serişdelerini sarp etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Reuters” habar agentligi habar berýär.

Agentligiň maglumatyna görä, Ýewropa Bileleşigi “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalarynyň waksinalarynyň bir dozasyna 15,5 ýewrodan, “CureVac” waksinasynyň bir dozasyny 10ýewrodan tölemekçi bolýar.

Ýewropa Bileleşigi “Pfizer” we “BioNTech” kompaniýalarynyň waksinalarynyň 300 million dozasy üçin 4,6 milliard ýewro, CureVac” waksinasynyň 225 million dozasy üçin bolsa 3 milliard ýewrodan gowrak tölär. CureVac” waksinasynyň goşmaça 180 million dozasy 12 ýewrodan satyn alnar. Bu sanjymyň ilkinji dozalary mart aýynyň ahyrynda üpjün ediler.

Şeýle hem Ýewropa Komissiýasy “AstraZeneca”, “Sanofi – GSK”, “Johnson & Johnson” kompaniýlary bilen hem waksina satyn almak babatda ylalaşyklar gazandy.

Umuman, Ýewropa Bileleşigi 6 sany derman öndürijilerden 1 bilen 2 milliard doza möçberinde waksina satyn almakçy.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň Ilçisiniň Ruminýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurmagy

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Okap bilersiňiz  Daşary ýurtdan gelýän raýatlaryň karantin möhleti uzadyldy
Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. 1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Russiýada koronawirusa garşy sanjym haçan başlaýar?

Dünýäde ilkinji bolup, täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy sanjymy hasaba alan Russiýa Federasiýasynda “COVID-19” keseline garşy köpçülikleýin sanjym etmek işi 2021-nji ýylda başlanar. Bu...

Iki meşhur kompaniýanyň ýolbaşçysy boldy

Germaniýanyň “Volkswagen Group” awtoulag kompaniýasy 22 ýyldan bäri kaşaň sport awtoulag öndürijisi “Bugatti” kompaniýasy bilen ýer bölegini paýlaşýar. Emma soňky hepdelerde nemes kompaniýasynyň fransuz...

“Kowid pasporty” ulanyşa girizilip bilner

Beýik Britaniýanyň hökümeti “Kowid pasportyny” ulanyşa girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada “The Sunday Times” neşiri habar berýär.  Bu resminamany koronawirusa garşy sanjym edilenlere bermek...

Halil Avcı : Daimi Tarafsızlık – dünyada barış ve kardeşliğin güvencesi

Kardeş ve dost ülke konumundaki Türkmenistan için 2020 yılı ayrı bir öneme sahiptir. 12 Aralık 1995'de Birleşmiş Milletler Genel Kurulunda 185 ülkenin oy birliği...