27/10/2020 14:02
Home SAGLYK Hyzmat kärhanalarynyň işiniň çäklendirme möhleti

Hyzmat kärhanalarynyň işiniň çäklendirme möhleti

Türkmenistanda ýiti öýken keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen hyzmat pudagyna degişli kärhanalaryň işi şu ýylyň 15-nji noýabryna çenli çäklendirildi. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu çözgüt esasynda kinoteatrlaryň, teatrlaryň, seýilgähleriň attraksion oýun meýdançalarynyň, muzeýleriň, gözellik salonlarynyň, hammam we sport desgalarynyň (howzular, fitnes we aerobika klublary) işleri çäklendirilýär.

Şeýle hem, çäklendirmeler, eýeçiligine garamazdan gysga möhletli tölegli kurslaryň we oýun merkezleriniň ähli görnüşlerine degişlidir.

Mundan ozal, bu pudagyň kärhanalarynyň işi 15-nji oktýabra çenli çäklendirilipdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, otly we şäherara awtobus gatnawlary 1-nji noýabra çenli, halkara howa gatnawlary 31-nji oktýabra çenli togtadylypdy.

Bulardan başga-da, Hazar deňziniň kenarynda raýatlaryň dynç almagyna girizilen çäklendirmäni 1-nji noýabra çenli uzaldylypdy.  Ýöne oktýabr aýyndan başlap, Hazaryň kenarynda diňe “Awaza” şypahanasynda dynç almaga rugsat berildi.

Diňe Türkmenistanda dellekhana we tikinçilik kärhanalarynyň işiniň ähmiýetini göz öňünde tutulyp, olaryň işine 1-nji noýabra çenli rugsat berlipdi.

Degişli habarlar

Dellekhana we tikinçilik atelýeleriň iş möhleti

Şäherara awtobus gatnawlary haçan başlaýar?

Otly gatnawlary barada täze maglumat

 

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys. Siz şeýle hem Google Play-den “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ömrüňi uzaltmaga ýardam edýän maşk

 Amerikan hünärmenleri erkek adamlaryň ömrüni uzaltmaga ýardam edýän otžimaniýanyň anyk sanyny anykladylar. Garward uniwersitetiniň hünärmenlerine bu maşk bilen erkek adamlaryň saglygynyň arasyndaky özara baglanyşygy...

Raýan Reynoldsyň meşhur filmleri

Dört doganyň iň kiçisi hökmünde 1976-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Kanadanyň Wankuwer şäherinde doglan Raýan Reynolds karýerasyna 2004-nji ýylda “Blade Trinity” filmi bilen başlady. Soňky...

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgi hakda oýlanma

Geliň ýer ýüzünde ynsan döräli bäri onuň ýüregini lerzana salyp, gününe goýmaýan söýgi duýgusy barada açyk söhbet edeliň. Söýgi-bu diňe özüň baradaky pikirleriň bolman, eýsem...