No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 11:20
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Gün şöhlesinden goranmagyň düzgünleri

Gün şöhlesinden goranmagyň düzgünleri

Güneşe baý Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus medeniýetli dynç alşyň gyzgalaňly döwrüdir. Gün şöhlesiniň, seleň howanyň, dury, arassa suwuň adam saglygy üçin peýdasynyň örän uludygy hemmä mälimdir. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar. Ultra-melewşe şöhleleriniň öýjüklerde diş we süňk üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna täsiri uludyr. Ýöne Günüň aşagynda çakyndan artyk gezilmegi, durulmagy, işlenilmegi adamyň saglyk ýagdaýynda dürli bozulmalary döredip biler diýlip Aşgabat şäherindäki 12-nji Saglyk öýüniň baş lukmany Döwran Akmämmedowyň https://www.turkmenmetbugat.gov.tm  salgysyndaky makalasynda aýdylýar.

Ol makalada hususanda şeýle diýilýär, ýagny,  Gün urmak — bu aşa yssy günlerde Gün şöhlesiniň täsiri netijesinde kelle-beýnä zeper ýetmegidir. Öte gyzma — bu howanyň gyzan döwründe Günüň aşagynda uzak wagtlap bolunmagy sebäpli, bedeniň aşa gyzmagynyň netijesinde merkezi nerw ulgamyna zeper ýetmegidir. Munuň sebäbi bedeniň suwy, mineral duzlary ýitirmegi we ýylylygy dolandyrýan, kadalaşdyrýan ulgamlaryň bozulmagy bilen baglydyr. Gün urmasy ýüze çykan ýagdaýynda bedeniň deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmagy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulaklaryň şaňlamasy ýaly hadysalar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Öz wagtynda kömek edilmese, ýagdaýyň has-da agyrlaşyp, ýaramaz ýagdaýlara getirmegi mümkin. Adam öte gyzma sezewar bolan ýagdaýynda hem Gün urandaky ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Gün uran halatynda ejir çekene köp suwuklyk içirmek maslahat berilýär. Sowujak suw, aýran, gök çaý içirmeli. Elbetde, bar bolsa korwalol damjasyny içirmek, naşatyr spirtini ysgatmak bolar.

Her bir adam tomus paslynda dynç alyşlara, gezelençlere gidende, işlände, açyk howada suwa düşende Günüň ýiti şöhlesinden, ýagny Gün urmasyndan goranmagy başarmalydyr. Tomsuň yssy günlerinde 2 ýaşyna çenli çagalara, ýarawsyz we gartaşan adamlara sagat 11.00-dan 18.00-a çenli açyk Günüň aşagynda gezmek maslahat berilmeýär. Yssy günlerde kelle ýalaňaç gezmek bolmaýar, kelläňe başgap geýmek, saýawan götermek maslahat berilýär. Gözüňe gara äýnek dakynmak hem oňat täsir edýär. Açyk meýdanda suwa düşülende, meýdanda Güne ýanylanda sagat 11.00-dan 18.00-a çenli Gün şöhlesiniň aşagynda bolmak (esasan hem sagat 15.00-dan 18.00-a çenli) has howply. Çagalar baglaryna gatnaýan körpeler kölegede oýnamaly.

Gün şöhlesinden peýdalanmak üçin ir sagat 06:00-dan 09:00-a çenli aralyk iň amatly wagtdyr. Suwa düşülýän ýerlerde, ýa-da islendik başga ýerlerde Gün wannalaryny ýylda 50 gezekden köp kabul etmeli däl.

Allergiýa we dowamly keselleri bolan adamlara hem öňüni alyş serişdelerini ulanmak maslahat berilýär.

  • Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý ediň,
  • elleriňizi arassa saklaň,
  • agyz-burun örtüklerini dakynyň
  • birek-birek bilen howpsuz araçägi saklaň.
  • Ýaşaýan we işleýän otaglaryňyzy arassa saklaň,
  • üzärligi tütedip,
  • otagyň içini howpsuz mikroklimat bilen üpjün ediň.
  • Sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etseňiz, saglyk hemişe ýaranyňyz bolar.

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Azerbaýjanyň täze wezipä bellenilen ministri bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda öz kärdeşini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen...

Habib – Getži tutluşygy 24-nji oktýabrda geçiriler

“Absolute Fighting Championship” (UFC) ýaryşyňyň ýeňil agram boýunça kemeriniň eýesi russiýaly Habib Nurmagomedow özüniň nobatdaky tutluşygyny bu ugurdaky häzirki çempiony amerikaly Jastin Getži bilen...

Silwester Stallone: Rembo we Rokki Size seslenýär

Maýkl Silwester Gardensio Stallone 1946-njy ýylyň 6-njy iýunynda Nýu-Ýork şäherinde Jorj W. Buş bilen şol gün dünýä inýär we onuň ýyldyzy leňňeç bolup durýar....

Onlaýn Sergi Ata Watanymyz barada maglumat berýär

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sergi hereket edip başlady. https://neutrality.gov.tm/online-exhibition/ salgysyndan onlaýn zyýaratçylaryny kabul edýän sergi birnäçe onlaýn pawilýonlardan ybarat. Onlaýn...