28/01/2021 9:16
Home SAGLYK Covid-19: Ýewropa ýene bir sanjymy tassyklady

Covid-19: Ýewropa ýene bir sanjymy tassyklady

Häzirki wagtda dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy sanjymlaryň köpçülikleýin ulanylmagyna kem-kemden rugsat berlip başlandy.

Ýewropa Bileleşiginde ABŞ-nyň we Germaniýanyň bilelikde öndüren “Pfizer/BioNTech” sanjymyndan soňra “Moderna” kompaniýasynyň sanjyma hem rugsat berildi. Bu barada ylalaşylan şernama laýyklykda, ilkibaşda 80 million doza, goşmaça ýene-de 80 million doza sanjym almak göz öňünde tutulýar.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bu barada beýanat berip, “Moderna” sanjymyny ulanmaga rugsat berlip, ilkinji tapgyrda 80 million doza satyn alynmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi.

– Ýewropa jemi 2 milliard dozada sanjym bilen üpjün edip biler (alty sany günbatar kompaniýasy bilen sanjymlary öňünden sargyt etmek baradaky şertnamalara laýyklykda, olaryň ikisi ÝB tarapyndan tassyklanan). Bu hemmämizi üpjün etmek üçin ýeterlik bolar – diýip, Ursula fon der Lýaýen belledi.

Ýewropanyň Derman serişdeleri boýunça agentligi ABŞ-nyň “Moderna” kompaniýasynyň sanjymyna wagtlaýyn hasaba alyş şahadatnamasyny bermek boýunça maslahat beripdi. Ýöne, bu sanjymy 18 ýaşdan uly adamlara urmak göz öňünde tutulýar. Onuň täsirliliginiň 94,1 göterime deňdiri aýdylýar. Sanjymy 28 gün aralyk bilen 2 gezek etmek maslahat berilýär.

Okap bilersiňiz  BSGG-nyň bilermenleriniň missiýasynyň Türkmenistana saparyna garaşylýar

***

Serbiýa “Sputnik V” sanjymyny satyn alýar

Russiýanyň Maýa goýumlar gaznasy bilen Serbiýanyň hökümetiniň arasynda 2 million dozadan ybarat “Sputnik V” sanjymyny bermek babatda ylalaşyk gazanyldy.

Okap bilersiňiz  Dünýäde ilkinji sanjym: “Sputnik-V” diýlip atlandyryldy

Serbiýada ilaty köpçülikleýin sanjym etmek işine girişildi. Rus sanjymynyň ilkinji tapgyry 2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Serbiýa iberilipdi. Ýurtda goşmaça kliniki synaglary geçirmezden sanjymy urmak işini girişmäge rugsat berildi.

Gazanylan ylalaşyga laýyklykda, rus sanjymy Serbiýanyň 1 million adamyna sanjym etmäge mümkinçilik berer.

Serbiýanyň içeri işler ministri Aleksandr Wulin hem-de Parlamentiň ýolbaşçysy Isisa Daçiç rus sanjymyny urdurdy. Şeýle hem Serbiýada “Pfizer/BioNTech” sanjymy hem ulanylýar.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Okap bilersiňiz  Beýik Britaniýa sanjym etmäge başlady

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowe hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...

Iň köp isleg bildirilen kabelsiz gulaklyk

2020-nji ýylda “Bluetooth-gulaklygynyň” ähli görnüşleriniň jemi 300 million sanysy satyldy diýip, “Strategy Analytics” kompaniýasy maglumat berýär. Geçen ýylda kabelsiz gulaklyklaryň arasynda “TWS” gulaklygyna uly...

Türkmen toparlarynyň AFK Kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Futbol Federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Okap bilersiňiz  Sagdyn bolmak üçin maslahatlar
Onuň netijesinde Türkmenistanyň futbol...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Söwda dükanlary hususylaşdyrylýar

Ýurdumyzda hususylaşdyrmak işlerine giňden badalga berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem hasabat berildi. Hasabatdan görnüşi ýaly,...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary

2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana iki günlük sapary başlandy. Ertesi gün Azerbaýjanyň DIM-niň...

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...