25/01/2021 20:46
Home SAGLYK BSGG: 92 ýurtda sanjyma başlanar

BSGG: 92 ýurtda sanjyma başlanar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) orta we pes girdejili 92 ýurtda fewral aýynda sanjym edilip başlanmagynyň mümkindigini belledi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

BSGG-niň baş geňeşçisi Brýus Aýlward  pes we orta girdejili 92 ýurtda täze koronawirus (Covid-19) ýokanjyna garşy sanjymyň fewral aýynda başlajakdygyna ynanýandyklaryny aýtdy. Bu barada metbugat ýygnagyny geçiren ygtyýarly wekil häzirki wagtda 40-dan gowrak ýurtda koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilýändigini mälim etdi. Häzirki wagtda ýokary we orta girdejili ýurtlarda sanjym işiniň ýola goýlandygyny belledi.

BSGG-niň ygtyýarly wekili fewral aýynda ýene-de 92 ýurtda sanjym işine girişiljekdigine ynanýandyklaryny belledi. Bu babatda sanjym öndürýän kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygyna bil baglaýandyklayrny aýtdy.

ABŞ-DA SANJYMYŇ ALNYP BARLYŞY

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi (CDC) şu wagta çenli koronawirus epidemiýasyna garşy 9 milliona golaý amerikalynyň sanjym edilendigini habar berdi.

TÜRKIÝEDE SANJYMA GIRIŞILER

Türkiýede hem sanjym işine şu hepde başlamakçy bolýar. Hytaýdan getirilen sanjymlar urlup başlanar. Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bu barada eden metbugat ýygnagynda ilkinji tapgyrda Hytaýdna 3 million doza sanjymyň getirilendigimi, Germaniýada öndürilen sanjym babatda şertnama baglaşylandygyny, gepleşikleriň dowam etdirilýändigini, Russiýada we Beýik Britaniýada öndürilen sanjymlar bilen baglanyşykly ýagdaýlary yzygiderli öwrenýändiklerini belledi. Şeýle hem ol Türkiýäniň öz sanjymyny öndürmegi babatda hem degişli işleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Okap bilersiňiz  Koronawirus üçin tebigy bejeriş – buýan köki
Okap bilersiňiz  Ösümlikleriň ösüşine sazyň täsiri

Şeýle hem “BioNTech/Pfizer” sanjymynyň önümçilik möçberiniň 2021-nji ýylda 1,3 milliard dozadan 2 milliard doza çenli ýokarlandyrmagyň maksat edinilýändigi mälim edildi. Bu sanjymlaryň kompaniýalarynyň 6 önümçilik desgasynda öndüriljekdigi belli boldy.

UKRAINA HYTAÝDAN SANJYM ALAR

Ukrainanyň “Lekhim” kompaniýasy 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaýyň “Sinowac” kompaniýasy bilen täze koronawirusa garşy 5 million dozada sanjym bermek barada şertnama baglaşdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

RUSSIÝANYŇ SANJYMYNY TASSYKLARLAR

Dünýäniň 10-a golaý ýurdunyň Russiýanyň “Sputnik V” koronawirus sanjymyny şu aýyň ahyryna çenli hasaba aljakdygy mälim edildi. Bu barada Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň (RDIF) başlygy Kirill Dmitriýew rus teleýaýlymyndaky “Agşam habarlary” gepleşiginde habar berdi.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Okap bilersiňiz  Boksçylaryň reýtingi: Saul Alvarez

IŇ TÄZE HABARLAR

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Edepli Ile Ýarar

Mahlasy, her birimiziň durmuşynda her dürli häsiýetli adamlar gabat gelýän bolsa gerek. Wagty tygşytly tutmak iň bir gowy häsiýetleriň biri bolmagynda galýar. Her bir...

Söwda dükanlary hususylaşdyrylýar

Ýurdumyzda hususylaşdyrmak işlerine giňden badalga berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem hasabat berildi.
Okap bilersiňiz  Çagaňyz gaharjaňmy?
Hasabatdan görnüşi ýaly,...

Bioýangyçly uçar önümçiligi

ABŞ-nyň awiagurluşyk kompaniýasy “Boeing” 2030-njy ýyldan başlap, täjirçilik maksatly uçarlarynda bioýangyçlaryň ulanylyp başlajakdygyny mälim etdi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär. Munuň üçin kompaniýa uçar...

“Tatneft” kompaniýasyndan täze bäsleşik

Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy "Goturdepenebit" nebit we gaz önümçilik bölüminiň desgalarynyň çäginde...