TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Saglyk ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygy

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň we Germaniýanyň fizioterapewt-hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi.

Tejribeli nemes hünärmeni – doktor Annegret Kern-Zozo bilen onlaýn duşuşygynyň dowamynda fizioterapiýa hem-de olaryň iş ýüzünde uýgunlaşdyrylmagy babatda öňdebaryjy işläp taýýarlamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda türkmen klinikalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagynyň, iň täze usullary we lukmançylyk innowasiýalary özleşdirmäge çynlakaý gyzyklanylmagynyň, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň halkyň iň gymmatly baýlygyny we abadançylygyny goramak üçin mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Germaniýanyň esasy klinikalarynyň professorlary türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini yzygiderli paýlaşýarlar, iki ýurduň lukmanlary hemişe ýygy gatnaşykda bolýarlar. Ine, ýakynda urologiýa ulgamynda tejribeli nemes hünärmenleriniň biri — doktor Friedrih Kempter bilen hem wideoduşuşyk geçirildi. Halkara iç keselleri merkeziniň, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň türkmen lukmanlary GFR-den bolan kärdeşi bilen peşew daş keselleriniň öňüni almak, anyklamak we bejermek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň ähimiýeti nygtaldy.

4-nji martda fizioterapewtleriň wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty nemes nefrolog lukmany, professor Roland Veelken bilen geňeşme duşuşygy bilen dowam eder. Şonuň barşynda nefrologiýanyň möhüm meseleleri, şol sanda ýiti we dowamly böwrek ýetmezçiliginiň öňüni almak, anyklamak we häzirki zaman bejergileri ara alnyp maslahatlaşylar.

 

 

Taryhdaky iň uly göwrümli sanjym

 

 

Ýene-de okaň

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Teswirle