TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Saglyk öýleriniň gije-gündizleýin işleýän telefon belgileri

Dem alyş ýol­la­ry­nyň ýi­ti so­wuk­la­ma kesel­le­ri, esa­san, wi­rus­lar, bak­te­ri­ýa­lar ýa­ly, mik­roor­ga­nizm­ler ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­ýän ýo­kanç ke­sel­le­r­dir. Bu ke­sel­ler möw­süm­leýin bo­lup, esa­san, ho­wa­nyň so­wa­ma­gy we adam­la­ryň nä­dog­ry ge­ýin­me­gi bi­len ýü­ze çyk­ýar. Ke­se­liň ýü­ze çy­kyş ala­mat­la­ry: — be­den gyz­gy­ny­nyň ýo­kar­lan­ma­gy; — bo­kur­dak­da agy­ry; — bur­nu­ň dy­kyl­ma­gy ýa-da su­wuk­ly­gyň ak­ma­gy; — kel­le agy­rysy; — en­da­myň agyr­ma­gy; — umu­my gow­şak­lyk; — üs­gü­le­wük; — aşa der­le­mek; — dem al­ma­sy­nyň kyn­laş­ma­gy; — ys­gyn­syz­lyk.

Nä­sag adam­lar bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk­da bo­lan­da, as­gy­ran­da, üs­gü­ren­de ke­sel dö­re­diji mik­roor­ga­nizm­ler ho­wa-dam­ja ýo­ly bi­len, şeý­le-de gal­taş­ma ýo­ly ar­ka­ly, ha­pa­la­nan eliň üs­ti bi­len ag­zyň, bur­nuň, gö­züň nem­li bar­dala­ry­na dü­şüp, ke­sel ýo­ku­şyp bi­ler. Öý şert­lerin­de maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň bi­ri nä­sag­lan­da, beý­le­ki­le­re hem ke­se­liň ýo­kuş­ma­gy müm­kin. Ke­se­liň il­kin­ji ala­mat­la­ry ýü­ze çy­kan hala­tyn­da, hök­man, maş­ga­la luk­ma­ny­na ýüz tut­ma­ly we ýö­ri­te­leş­di­ri­len has­sa­ha­na­lar­da bar­lag­dan ge­çip, be­jer­gi­ni do­ly, dog­ry we gu­tar­nyk­ly al­ma­ly. Öý şert­le­rin­de nä­sag do­ly gö­zeg­çi­lik­de bol­maýar we kä­bir ýö­ri­te­leş­diri­len en­jam­lar bi­len be­jer­gi­ni alyp bil­me­ýär. Öz­baş­dak der­man se­riş­de­le­ri­ni ulan­mak ke­se­liň gaý­raü­zül­me­le­ri­ne, öý­ken­de ka­da­ly öý­jük gur­lu­şy­nyň düýp­li üýt­ge­me­gi­ne ge­tirip, gel­jek­de do­wam­ly öý­ken ýet­mez­çi­li­gi­niň esa­sy se­bä­bi bo­lup bi­ler. Ke­se­liň öňü­ni alyş çä­re­le­ri: — agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni hök­ma­ny dog­ry we do­ly da­kyn­ma­ly; — el­le­ri ýy­gy-ýy­gy­dan sa­byn bi­len ýuwma­ly ýa-da ýö­ri­te­leş­di­ri­len zy­ýan­syz­lan­dyry­jy se­riş­de­le­ri ulan­ma­ly; — köp­çü­lik ýer­le­rin­de daş-tö­we­rek­däki­ adamlar bi­len 2 metr­den az bol­ma­dyk howp­suz ara­çä­gi sak­la­ma­ly; — as­gy­ry­lan­da, üs­gü­ri­len­de bir ge­zek ula­nyl­ýan el­ýag­lyk­la­ry ula­nyp, soň­ra ola­ry ýö­ri­te gap­la­ra taş­la­ma­ly.

Eger siz­de ke­se­liň ala­mat­la­ry ýü­ze çyksa, gys­sag­ly ha­bar­laş­mak üçin Türk­me­nista­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­naga­ty mi­nistr­li­gi­niň de­giş­li no­bat­çy mer­ke­zi sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ryn­da we Aş­ga­bat şä­her Sag­ly­gy go­ra­ýyş mü­dir­li­gi­niň dü­zümin­dä­ki sag­lyk öý­le­rin­de gi­je-gün­diz­le­ýin iş­le­ýän (24 sa­gat/7 gün) te­le­fon bel­gi­le­rine jaň edip, te­le­fon ar­ka­ly so­rag-jo­gap al­şyp, mas­la­hat­la­şyp bi­ler­si­ňiz!

Gyssagly habarlar üçin saglyk öýleriniň gije-gündizleýin işleýän telefon belgileri

№  Eda­ra­nyň ady        Te­le­fon bel­gi­ler

  1. Aş­ga­bat şä­heri, 1-nji sag­lyk öýi 45-21-73
  2. Aş­ga­bat şä­heri, 2-nji sag­lyk öýi 34-41-40
  3. Aş­ga­bat şä­heri, 3-nji sag­lyk öýi 76-80-87, 76-57-97
  4. Aş­ga­bat şä­heri, 4-nji sag­lyk öýi 37-42-86
  5. Aş­ga­bat şä­heri, 5-nji sag­lyk öýi 27-45-06, 27-45-28
  6. Aş­ga­bat şä­heri, 6-njy sag­lyk öýi 23-09-03
  7. Aş­ga­bat şä­heri, 7-nji sag­lyk öýi 26-74-32
  8. Aş­ga­bat şä­heri, 8-nji sag­lyk öýi 27-78-22
  9. Aş­ga­bat şä­heri, 9-njy sag­lyk öýi 26-03-15
  10. Aş­ga­bat şä­heri, 10-njy sag­lyk öýi 48-29-80
  11. Aş­ga­bat şä­heri, 11-nji sag­lyk öýi 95-73-12
  12. Aş­ga­bat şä­heri, 12-nji sag­lyk öýi 32-10-22
  13. Aş­ga­bat şä­heri, 13-nji sag­lyk öýi 25-73-03
  14. Aş­ga­bat şä­heri, 14-nji sag­lyk öýi 51-56-70
  15. Aş­ga­bat şä­heri, 15-nji sag­lyk öýi 47-84-77
  16. Aş­ga­bat şä­heri, 16-njy sag­lyk öýi 97-67-98, 97-67-99
  17. Aş­ga­bat şä­her ça­ga­lar has­sa­ha­na­sy 92-71-97
  18. Be­je­riş-mas­la­hat be­riş mer­ke­zi 43-64-38
  19. Ýo­kanç ke­sel­le­ri mer­kez­le­ri mü­di­ri­ýe­ti 73-95-35
  20. Kar­dio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­kez­li has­sa­ha­na 36-92-68
  21. Fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­kez­li has­sa­ha­na 94-05-80
  22. Gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek mer­ke­zi 90-79-35(36)

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň

Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

THY: Aşgabat şäherine adaty gatnawlar başlaýar

Baş Redaktor

Teswirle