TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TESWIRLER

Saglyk Ministrligi : Pasla Görä Geýniň, Sagdyn Boluň!

Häzirki wagtda howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň derejesiniň peselmegi arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, daşary çykylanda, agyz-burun örtüklerini dakynmak bilen bir hatarda, geýnilýän egin-eşikler hem aýratyn üns bermekligi talap edýär. Sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak, ýa bolmasa aşa galyň geýinmek saglyk üçin howpludyr. Gyşda gat-gat geýnilýändigine görä, köpçülikleýin awtoulaglara münülende derlemegiň öňüni almak maksady bilen, üstki egin-eşikleriň iliklerini ýazdyrmaly we başgaplary çykarmaly. Wagtlaýyn ýyly ýere girip derlenenden soň, daşaryk çykylanda, sowuk şemalyň kakmagy bilen, dürli sowuklama kesellerine sezewar bolunmagy mümkin. Bedeniň ýylylygyny üpjün edýän we çyga has duýgur agza aýaklardyr diýlip Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň habarynda aýdylýar.

Aýaklaryňyzy ýyly saklaň!

Habarda bellenişine görä, Aýaklarymyz näçe ýyly bolsa, bedenimiz şonça-da ýyly bolýar. Ata-eneler çagalaryna ädikleriniň içinden ýyly joraplary geýdiren ýagdaýlarynda, ýygy-ýygydan ony barlap durmaly, eger aýaklar derlän bolsa, onda joraplaryny we ädiklerini çalyşmaly. Gyşda aýakgaplar dogry saýlanmaly. Ol möwsüme görä, suw geçirmeýän we ýyly bolmalydyr. Şeýle-de garly günlerde çalt ýöremekden saklanmaly, munuň özi gyşyň doňaklyk günlerinde taýyp ýykylmagyň we dürli şikeslenmeleriň öňüni almaga ýardam eder. Ellikler daşarda hökman zerur. Olar sowuk howanyň elleriň deri örtügine ýetirip biläýjek zyýanly täsirlerinden goraýar. Elleriň ýylylygy bedeniň dem alyş agzalarynyň saglygynyň kepilidir. Şol sebäpden, gadymy zamanlarda dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda eller üçin niýetlenen wannalar, ýapgylar we beýleki emler ulanylypdyr.

Başgaplary geýiň, şarf ullanyň!

Gyş paslynda zerur zatlaryň ýene-de biri, ol hem başgaplary geýmek, ýaglyklary daňynmakdyr. Olar tutuş kelläni, saçlary goramak bilen, dürli kelle-beýni sowuklama keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Saçlar ýuwlandan soň, olary dogry we doly guratmaly. Çygly saçlar bilen hiç wagt şemalyň ugrunda durmaly däl we daşaryk çykmaly däl. Sebäbi saçyň düýbünde galan çyg öý şertlerinde ýyly derejede bolsa-da, ol eýýäm daşaryk — sowuk howa çykylanda, öz ýylylyk derejesini ýitirýär we sowuk howanyň täsiri netijesinde, dürli sowuklamalaryň esasy sebäbi bolup bilýär. Bokurdagyňyzy şarf ýa-da ýaglyk bilen ýapyň! Bokurdagyň üşemegi dürli gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şulardan ugur alyp, her bir paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda, dogry iýmitlenmeli we geýinmeli.

 

Ýene-de okaň

Türkmenlerde aýal-gyzlaryň sarpasy ýokarydyr

Dr. Berdi Saryyew

Üstünlik gazanmak isleýänleriň hökman okaýmaly makalasy

Baş Redaktor

Global energiýa sarp edilişi pese gaçdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Teswirle