Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Paýtagtymyzda ynsan saglygynyň berkidilmegi bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şunda ak mermerli Aşgabadyň çäklerinde halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagyna, olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär. Täze gurulýan saglygy goraýyş edaralary halkara derejelerine doly laýyk gelip, onda halkyň saglygyny berkitmekleri üçin ähli döwrebap şertler döredilýär.
Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti berkarar etmek, raýatlaryň işjeň durmuşyny üpjün etmek we daşky gurşawa aýawly garamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak we raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrundaky başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketleriniň, pyýada, welosipedli ýörişleriň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi halkyň saglygyny we bagtyýarlygyny goramaga, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde talabalaýyk işler amala aşyrylýar. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda zerur çäreler görülýär. Bu ugurda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde, çagalarda köp duş gelýän keselleri irki döwürde anyklamagyň, bejermegiň täze usullary esaslandyryldy. Ýurdumyzda çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmek bilen bilelikde, ganazlyga garşy göreşmek baradaky milli maksatnamalar hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şeýle ajaýyp döwürde saglygyňy goramakda sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik endige öwürmekligiň, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmekligiň, dogry iýmitlenmekligiň, zyýanly endiklerden daşda bolmaklygyň, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaklygyň ähmiýeti örän uludyr. Esasan hem, ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Synaň sag, ruhuň belent bolmagy üçin, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, sagdyn durmuş kadalaryny, sporty gündelik endige öwürmek zerurdyr. Aýratynam, ýaş nesilleri sporta we bedenterbiýä has irki ýaşlaryndan çekmek zerurdyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede belleniljek akyldar şahyrymyz hem goşgularynda saglyk temasyna aýratyn üns beripdir. Onuň halkyň aňyna müdimilik siňen dürdäne setirlerinde beýan eden saglyk hakyndaky pikirleri häzirki günlerde hem öz gymmatyny ýitirenok. Ol: «Dürdür bu janyň lezzeti, //Saglyk anyň soltanydyr» diýip belleýär. Pyragynyň şahyrana döredijiliginde sagdynlyk we ruhubelentlik, sagdyn durmuş ýörelgesi giňden şöhlelenýär. «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun» diýmek bilen, şahyr saglygyňy kesellemezden ozal gorap saklamagy nesihat edipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan we kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bellenilen çäreleriň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde, saglyk ulgamynyň dünýä ölçegleriniň derejesine çykarylandygyny bellemek gerek.
Ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak babatda geçirilen işler hem öwgä mynasypdyr. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň abraýly halkara guramalaryň degişli güwänamalaryna mynasyp bolmagy aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr.
Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasaty netijesinde, häzirki döwürde Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde halkara jemgyýetçilikde doly ykrar edildi. Bu bolsa saglygy goraýyş we derman senagaty, sport ulgamlarynda ýurdumyzyň gazanan uly üstünliginden habar berýär.
Goý, halkymyzyň sagdyn, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin!
Merjen Annamyradowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby gigiýena, epidemiologiýa we toksikologiýa kafedrasynyň mugallymy.