SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde nemes bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi

2021-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Essen uniwersitet klinikasynyň (Germaniýa) Infeksiologiýa Ylmy-barlag merkeziniň müdiri professor, doktor A.Krawçik bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, “Türkmendermansenagat” Birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Mazmuna baý çykyşlaryň barşynda buýan köküniň hem-de onuň düzümindäki glisirrizin turşusynyň keselleri bejermekdäki aýratynlyklary dogrusynda pikirler alyşyldy.

Mälim bolşy ýaly, bu serişdäniň netijeliligi türkmen hem-de daşary ýurt alymlary tarapyndan golaýda geçirilen barlaglar arkaly tassyklanandyr.

Täze koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, tutuş dünýäde wirusa garşy göreşmäge ukyply bolan ýörite serişdeleriň ýüze çykarylmagyna hem-de işlenilip taýýarlanylmagyna gönükdirilen ylmy-barlag işleri has hem işjeňleşdirildi.

Şu nukdaýnazardan, alymlaryň degişli ylmy barlaglary buýandan edilen dermanlyk serişdeleriniň, şeýle hem onuň düzüminiň ähmiýetli bölegini düzýän glisirrizin turşusynyň bejeriş-öňüni alyş babatyndaky görnetin täsirini tassyklaýandyr.

Buýanyň köki gadymdan bäri halk arasynda ýokarky dem alyş ýollarynyň keselleriniň bejergisinde giňden ulanylypdyr we onuň oňyn täsirini nazarda tutmak bilen, türkmen alymlary buýan köküniň ýokanç keselleriniň bejergisindäki ähmiýetini öwran-öwran nygtaýan Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmelerine laýyklykda, bu ösümligiň özboluşly aýratynlyklaryny içgin öwrenmeklerini dowam edýärler.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar